Hytaýda «Bir zolak, bir ýol» atly başlangyjyň bäşýyllygy bilen gabat gelen Ýüpek ýolunyň biznes-liderleriniň sammiti boldy. Işewür-duşuşygyň guramaçylarynyň biri bolup Astana ykdysady forumy boýunça «G-Global ─ wirtual meýdançasynyň» Halkara sekretariýaty çykyş etdi.
Sammite dünýäniň 70 ýurdundan 500-den gowrak adam gatnaşdy. Şol sanda BMG we beýleki halkara guramalaryndan, transmilli korporasiýalaryndan we Hytaýyň hökümetinden wekiller gatnaşdylar. Biznes-duşuşygyň netijesinde «Ýüpek ýolunyň şäherleriniň häkimleri» hem-de «Sebitleriň ýolbaşçylary» atly assosiasiýalar döredildi.
Ýüpek ýolunyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň çäklerinde eýýäm, 76 döwletiň telekeçileriniň girýän Halkara ylymlar akademiýasy we Halkara söwda palatasy hereket edýär. Bulardan başga-da, «G-Global» sekretariýatyň wekilleri Hytaýyň işewürlerine «Sanly Ýüpek ýoly» atly taslamany hödürledi.

Materiýaly «24.kz» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Grodno şäherinde «Grodno şäheriniň Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy» atly işewürlik maslahaty geçirilip, ony bu şähere özbek wekiliýetiniň gelmegi mynasybetli Belarusyň Söwda-senagat edarasynyň Grodno şäherindäki bölümi gurady.
Işewürlik maslahatynyň dowamynda Özbegistanyň we Belarusyň işewürlik toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garaldy. Şeýle-de, Grodno şäheriniň, «Гродноинвест» kärhanasynyň, Garagalpagystan Respublikasynyň, Surhanderýa oblastynyň ykdysady we inwestisiýa mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.
Forumynyň başlangyç bölüminden soňra belarus kompaniýalarynyň 30-dan gowragynyň we Özbegistanyň edaralarynyň 19-synyň arasynda B2B formatda gepleşikler geçirildi. Özbek tarapy Grodnodaky kärhanalar bilen maldarçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdi. Hususanda et-süýt önümlerini we Belarusda öndürilen oba hojalyk tehnikalary edinmäge gyzyklanma bildirildi.
Belarusyň Söwda-senagat edarasynyň Grodno şäherindäki bölümi bilen Surhanderýa oblastynyň Söwda-senagat edarasynyň müdirligi bilen ylalaşyga gol çekildi. Garagalpagystan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň müdirligi bilen ylalaşyk gazanyldy.

Taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Astanada «Global Silk Road» atly halkara forum geçirildi. Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň başlangyjy bilen gurnalan foruma dünýäniň 60-dan gowrak döwletinden 2000-e golaý gatnaşyjy, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleri, işewür toparlaryň baştutanlary, bilermenler we alymlar, şäher häkimleriniň 70-si gatnaşdy.
Forumyň meýdançasynda gatnaşyjylar «akylly şäherleriň» gurluşygyny, işewür syýahatçylyk, durnukly ösüş, şäher gurluşygynda blokçeýn, sebitiň ykdysady geljeginiň, ösüşiniň integrasiýasy, onlaýn Ýüpek ýoly we täze Ýüpek ýolunyň logistiki ösüşi hakynda pikir alyşdylar.
Forumyň çäklerinde şäher häkimleriniň 30-synyň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi. Olaryň içinden 10-sy özüniň tanyşdyryşlaryny görkezdiler. Forumda Hytaýyň Sian şäherinden gelen wekiller hem çykyş etdiler.
Ýüpek ýoly Halkara söwda palatasynyň başlygynyň orunbasary Li Çžunhan öz çykyşynda Hytaý bilen Gazagystanyň eýýäm birnäçe gezek öz netijesini beren ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçiliginiň bardygyny belledi.
«Şäherleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmek üçin Ýüpek ýolunyň Halkara söwda palatasy mynasyp platforma bolup hyzmat eder. Biz Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen hemme tarap hem şäherleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy şu platformanyň esasynda has-da artdyrarys» diýip, wekil belledi.

Materialy «www.russian.people.com.cn» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Belarusyň söwda-senagat palatasynda «Halal» sertifikatyny almagyň aýratynlyklary boýunça seminar geçirildi.
Çärä Belarusyň söwda-senagat palatasynyň başlygy Wladimir Ulahowiç, Birleşen Arap Emirlikleriniň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Roman Golowçenko, BAE-niň Standartlaşdyrma we metrologiýa agentliginiň baş direktory Abdalla al-Maini, Belarus Respublikasyndaky musulman dini birleşiginiň başlygynyň orunbasary, «BelHalal» JÇJ-niň (Jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň) direktory Rustam Hasenewiç, Belarus Respublikasynyň oba hojalyk we azyk senagaty ministrliginiň wekilleri, belarus kärhanalarynyň 40-synyň bilermenleri gatnaşdylar.
Seminar Belarusyň söwda-senagat palatasynyň «eksportyň mekdebi» atly taslamasynyň çäklerinde guraldy. Gatnaşyjylara «Halal» sertifikatyny almagyň aýratynlyklary we mümkinçilikleri barada tejribe häsiýetli maglumatlar berildi. Şeýle-de, yslamyň kanuny laýyk gelýän önümlere bolan mümkinçilikleri tassyklaýan soraglar hakynda pikir alşyldy.

Belarusyň «www.cci.by» saýtynyň materiallary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat palatalary hakyndaky» Kanunyň täze redaksiýasyna gol çekdi.
Bu Kanun kanunçykaryjy palata tarapyndan 12-nji iýunda kabul edildi. 2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda bolsa Senat tarapyndan makullanyldy.
Kiçi biznesiň subýektleri we hususy telekeçiler üçin üçin Palatanyň agzasy bolmak meýletin esasda alnyp barylýar. Telekeçiligiň beýleki subýektleri üçin agzalyk hökmanydyr.
Kanun resmi taýdan çap edileninden 3 aý soňra güýje girýär.

Özbegistanyň «www.uzreport.news» saýtynyň materiallary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!