Täjigistanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy, ýurduň hökümeti tarapyndan Täjigistanyň ekspozisiýasynyň baş komissary edilip bellenilen Şarif Saud we «Dubaý EKSPO-2020» býurosynyň ýerine ýetiriji direktory Najip Mohammed Al Ali BAE-niň Dubaý şäherinde Täjigistanyň «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy baradaky şertnama gol çekdiler diýip, «Awesta» habarlar agentligi Söwda-senagat palatasynyň habarlar merkezine salgylanyp, habar berýär.
Baş komissaryň serginiň guramaçylaryna habar berşi ýaly, ekspozisiýanyň esasy temasy Täjigistanyň ykdysady, taryhy, medeni we syýahatçylyk ulgamyndaky ýeten sepgitleri bolar. Şeýle hem bu sergide täjik halkynyň däp-dessurlary we senetçiligi giňden ýaýbaňlandyrylar.
«EKSPO-2020» Bütindünýä sergisi 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde ─ öz taryhynda ilkinji gezek Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Günorta Aziýa sebitlerinde «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» atly şygar bilen geçiriler.
Sergä dünýäniň 180-den gowrak döwleti, şeýle hem halkara guramalary, iri korporasiýalar we kompaniýalar gatnaşarlar. Dubaýdaky «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine 25 milliondan gowrak myhmanyň gatnaşmagyna, şolardan 70 göteriminiň daşary ýurtly bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa, Bütindünýä sergisiniň taryhynda ilkinji gezek oňa gatnaşyjylaryň aglabasynyň daşary ýurtly bolmagydyr.

Materiýaly «avesta.tj» saýtynyň maglumatlary esasynda taýýarlan Miwe NABATOWA, žurnalist.