26.05.2019. Şu gün paýtagtymyzda maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Dünýäniň bezegi — türkmen halysy» atly halkara sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi geçirildi. Iri pudaklaýyn sergini Dokma senagaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ählihalk baýramçylygy türkmenistanlylaryň öçmejek taryhy gymmatlyklaryna, özboluşly däplerine hem-de ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlylygyny aňladyp, haly dokamak sungaty ony döreden halkyň bäş müňýyllyk taryhynyň jümmüşinden gözbaş alýar.
Watanymyzyň ähli künjeklerinde geçirilen dabaraly duşuşyklar, çeper sergiler, ylmy maslahatlar we konsertler türkmen halylarynyň üýtgeşik gözelligine hem-de çeper elli halyçylarymyza, olaryň haýran galdyrýan zehinine bagyşlandy.
Baýramçylygyň hormatyna tutuş ýurdumyz boýunça çeper elli halyçylaryň arasynda bäsleşikler geçirilýär. Olar iň gowy işlerini — çeperçilik gymmatlygy hem-de janypkeş zähmeti bilen tapawutlanýan halylaryny görkezýärler. Ussat halyçylar gadymy gölleri başarnykly utgaşdyryp, halynyň ýüzünde täze häzirki döwrüň şekilini emele getirýärler.

25.05.2019. Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergi geçirildi. Ol şähergurluşygy babatda ýurdumyzyň baş şäheriniň mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny görkezdi.
Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, her ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän sergi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabat şäheriniň keşbinde öz beýanyny tapan özgertmeleriň gerimini aýdyň şöhlelendirýär. Ony dünýäniň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriň biri diýip tötänden atlandyrmaýarlar. Sergide görkezilen taslamalaryň ençemesi paýtagtymyzy bezeýän ajaýyp binalarda we binagärlik toplumlarynda öz beýanyny tapdy. Özboluşlylygy we gerimi bilen tapawutlanýan bu binalar Aşgabadyň ýüzüniň tuwagyna öwrülip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Ýurdumyzda durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý, kanunçylyk kepillendirmeleri we döwlet tarapyndan berilýän goldaw daşary ýurtly maýadarlar üçin Türkmenistanyň özüne çekijiliginiň esasy ýagdaýlary bolup durýar. Ýakyn döwür üçin maýa goýumlaryny höweslendirmegiň toplumlaýyn çäreleri işlenip taýýarlananda eksport kuwwatyny artdyrmak we senagatlaşdyrmak, tehnologik işleri, durmuş ugurly bazar ykdysadyýetini ösdürmek hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak arkaly ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyny çaltlandyrmak ýaly esasy ýörelgeler nazara alyndy.

HORMATLY SERGÄ GATNAŞYJYLAR!
GADYRLY MYHMANLAR!
Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi. Bu serginiň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we özara tejribe alyşmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergi türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy babatda gazananlaryny dünýä äşgär etmäge we Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga ýardam eder.

22.05.2019. Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän we geljekde bilelikdäki meýilnamalaryň utgaşdyrylmagyny şertlendiren X Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady.
Ozal habar berlişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň guramagynda geçirilen bu ýöriteleşdirilen çärä 30 döwletden 450-ä golaý wekil gatnaşdy. Olaryň hatarynda 100-den gowrak nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri bar.
Dünýäniň gaz bazarynyň geljekki ugurlary, onuň ösüşi, sebit we sebitara gaz geçiriji düzümleri, gaz pudagyny köpugurly esasda ösdürmek, gazy gaýtadan işleýän senagatda täze tehnologiýalar we taslamalar ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmek, nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

21.05.2019. Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС — 2019) öz işine başlady. Energetika pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi bermek maksady bilen, ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän iri ýöriteleşdirilen forumy «Türkmengaz» döwlet konserni gurady.
Ençeme ýyllaryň dowamynda kongres dünýäniň gaz senagatynyň ýagdaýyny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy çäre bolup hyzmat edýär. Bu iri möçberli çäräniň ýokary derejesini we abraýyny TGС — 2019-yň häzirki ýubileý forumy hem doly derejede tassyklaýar. Foruma dünýäniň 30 ýurdundan, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, ABŞ-dan, BAE-den, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Owganystandan, Pakistandan, GDA döwletlerinden we beýlekilerden wekilleriň 450-ä golaýy geldiler. Olaryň hatarynda iri nebitgaz, hyzmat ediş hem-de maslahat beriş kompaniýalaryň esasy menejerleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, abraýly halkara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Ir bilen kaşaň «Berkarar» myhmanhanasynda forumyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kongrese gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!