2019-njy ýylyň iýul aýynyň 28-30-y aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Türkiýäniň palatalar we biržalar birleşiginiň binasynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisi, Ýerine ýetiriji komitetiň, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Söwda-senagat palatalarynyň ýöriteleşdirilen komitetleriniň Mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine YHG-syna agza ýurtlaryň Söwda-senagat palatalaryndan we Türkiýäniň hususy we döwlet sektorlaryndan wekiller gatnaşdylar. Onuň dowamynda YHG-syna agza ýurtlaryň Söwda-senagat palatalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi we bilelikde çäreler geçirildi.
Türkmen tarapy Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylary we wekilleri «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagy hem-de 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda geçiriljek Birinji Hazar Ykdysady forumy, şeýle hem şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda geçiriljek Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we «Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtosergisi bilen tanyşdyrylyş dabarasyny gurady.
Mejlise gatnaşyjylar Hazar sebitine, esasan hem «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagyna uly gyzyklanma bildirdiler. Sebitde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde bu çäreleriň möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Bu forum we sergiler diňe bir Hazarýaka döwletleriniň däl, eýsem, ýakyndaky we uzakdaky daşary ýurtlaryň işewürleriniň arasynda ýakyn aragatnaşygy ýola goýmakda netijeli meýdança öwrüler.

www.cci.gov.tm.
(Rus dilinden terjime eden Miwe Nabatowa)

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisi we «Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtosergisi guralar.
Bu sergilere milli we daşary ýurt kompaniýalary, döwlet edaralary we Türkmenistanyň ähli künjeklerinden wekiller gatnaşarlar.
Bu sergilere oňa gatnaşyjylardan we wekillerden başga-da Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden meýletinçiler gatnaşarlar. Meýletinçilik işjeň hereketleriň biri hasaplanylýar.
Bu talyplar ýurdumyzda geçirilen 2017-nji ýylda «Aşgabat ─ 2017-niň» oýunlarynda, 2018-nji ýylda bolsa, agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda meýletinçilikde tejribe toplapdylar.

www.cci.gov.tm

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň gurajak Hazar halkara innowasion tehnologiýalar sergisiniň we «Türkmen sährasy-2019» atly halkara awtosergisiniň ýokary derejede geçirilmegi üçin taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Bu ägirt giň möçberli halkara sergilerine Hazarýaka sebitleriniň ýurtlary bilen birlikde, daşary döwletleriň ençemesinden milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň gelmegine garaşylýar. Dünýäniň ençeme döwletlerinden bu sergileri görmäge, Türkmenistanyň innowasiýa we ulag ulgamynda gazananalary bilen ýakyndan tanyşmaga isleg bildirýän iş adamlaryna, işewür hyzmatdaşlara bu sergilere gatnaşmaklary üçin uly mümkinçilikler dörediler.
Türkmenbaşy deňiz portunyň çägindäki ägirt giň sergi meýdançalarynda dünýäniň iň soňky gazananlary esasynda gurnalan pawilýonlardaky bezeg işleri tamamlaýjy tapgyrlarda dowam edýär. Bezegli diwarlyklar, mahabatly manitorlar her bir kompaniýanyň özboluşly işleri hakynda giňişleýin gürrüň berer. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bimöçber aladalary esasynda bu giň möçberli sergileriň gurnama işlerinde iň soňky innowasiýon çözgütleriň ulanylmagy onuň esasy aýratynlygydyr.

20.07.2019. Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde 20-nji iýulda «Saglyk — 2019» atly halkara sergisi açyldy, onuň çäklerinde lukmançylyk ulgamyny ösdürmegiň meseleleri boýunça ylmy maslahat geçirildi.
Jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş derejesi islendik ýurduň ilatynyň durmuş derejesiniň, onuň döwlet nusgasynyň we durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Çünki bu ulgamda esasy ýörelgeler bolup, olar döwletimiziň adam mümkinçiliklerine uly ähmiýet berip, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlen düşünje bilen kesgitlenilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän forum dünýäniň onlarça ýurdundan wekilleri, şol sanda görnükli alymlary hem-de lukmanlary bir ýere jemledi.
Çäräniň açylyş dabarasy baýramçylyk ruhuny artdyran döredijilik toparlarynyň çykyşlaryndan başlandy. Dabarada myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, habar beriş serişdeleriň wekilleri, daşary ýurtly saglygy goraýyş hünärmenleri boldular.

Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Saglyk — 2019» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi daşary ýurtly myhmanlarymyz bilen dabaraly bellemek guwandyryjy wakadyr.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde, ilatyň saglygyny goramakda uly üstünlikler gazanyldy. Siz halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň meýilnamasynyň çäklerinde raýatlarymyzyň saglygyny goramakda alnyp barylýan işler, täze tehnologiýalaryň, häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylyşy, ylmy lukmançylygyň gazananlary bilen ýakyndan tanşarsyňyz. Bu bolsa lukmançylyk ylmyny we bilimini kämilleşdirmekde özara tejribe alyşmaga ýardam berer.
Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we innowasion ugurlara gönükdirmek boýunça tutumly işleri durmuşa geçirmegi dowam edýäris.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!