4.03.2017. Hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine döwlet saparynyň öňüsyrasynda bu ýerde türkmen-katar işewürler maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça täze çemeleşmeleri kesgitlemek hem-de ylalaşmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. “St.Regis Doha” myhmanhanasynda geçirilen duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de dostlukly ýurduň döwlet düzümleriniň we iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň açylyş dabarasynda Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Mohammad bin Ahmed bin Towar al-Kuwariniň çykyşynda hormatly Prezidentimiziň şu döwlet saparynyň iki dostlukly ýurduň ähli ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklaýandygy nygtaldy. Dostlukly ýurduň Söwda-senagat edarasynyň wekili geçen ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti barada aýdyp, Katar Döwletiniň hem-de Türkmenistanyň ysnyşykly gatnaşyklary bilen baglaşandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar bolsa dostlukly häsiýete eýedir we özara düşünişmäge hem-de birek-birege hormat goýmaga esaslanýar.

Mart aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty guralar. Gözden geçiriliş içerki bazaryň täze ugurlaryny üstünlikli özleşdirýän hem-de halkara derejesine çykýan ýurdumyzyň kiçi we orta işewürliginiň tejribesini, gazananlaryny hem-de artýan kuwwatyny görkezer.
Sergä milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda--oba hojalygynda, gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda we gurluşyk serişdelerini öndürmekde, söwdada hem-de hyzmatlar ulgamynda we beýlekilerde ýöriteleşýän ýurdumyzyň hususy kärhanalary gatnaşar.
Döwletimiziň telekeçiligi ösdürmäge döredýän has oňaýly şertleri türkmen işewürleriniň daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam edýändigi bellenildi. Hususy kärhanalaryň harytlary eksport etmäge şertnamalaryny resmileşdirmegiň amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi söwda hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegine, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynda öndürilýän önümleri täze bazarlarda ýerlemäge çykarmaga ýardam eder.
TSTB-niň agzalarynyň maslahatynyň gün tertibine hususy ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, esasy döwlet maksatnamalary babatda ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan wezipeleri çözmek boýunça çäreleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy girizildi.
Tejribäniň görkezişi ýaly, telekeçileriň öz işlerini giňeltmegi üçin mümkinçilikleri köp boldugyça, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginleri hem şonça ýokary bolýar.

www.tdh.gov.tm

Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň soňky 25 ýylyň dowamyndaky gazananlaryna bagyşlanan sergi geçirilýär.

Serginiň geçýän günleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän esasy fransuz kompaniýalarynyň we türkmenistanly önüm öndürijileriň giň möçberli işleri ýaýbaňlandyrylar. Serginiň dowamynda taraplar ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça pikir alşarlar.

Türkmen paýtagtynda ýokary derejede guralan sergi Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we iki tarapa hem bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge gönükdirilendir.

Maýa Apbaýewa, žurnalist
Surata düşüren Döwlet Heşdekow.

Şu gün, 2-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň ХIII ýöriteleşdirilen sergisiniň ýapylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda serginiň üstünlikli geçirilmegi üçin ähli zerur şertleri döretdiler. Serginiň işiniň üç gününiň dowamynda oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlet we hususy ulgamlarynyň wekilleri we hünärmenleri, köp sanly aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary gelip gördüler.
Serginiň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşanlara degişli diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.
Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler.

Maýa Apbaýewa, žurnalist.
Döwlet Heşdekowyň fotokollažy.

1-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň öňdebaryjy ministrlikleriniň we edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasyndan wekilçilikli wekiliýet gatnaşdy.
Forumyň ahyrynda ýygnananlar şu duşuşygyň netijeleriniň ýurtlarymyzyň arasynda birek-birege ynanyşmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Maýa Apbaýewa, žurnalist.
Surata düşüren Döwlet Heşdekow.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!