16.04.2017. Moskwanyň Söwda-senagat palatasynyň çagyrmagy netijesinde türkmen işewür adamlaryndan düzülen wekilçilikli topar rus paýtagynda boldy. Moskwanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen we rus işewürleriniň “tegelek stol” görnüşinde maslahaty geçirildi. Maslahatda ikitarapyň eksport mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Üstümizdäki ýylda Moskwada geçirilen türkmen-rus döwletara iş toparynyň 10-njy mejlisiniň öňe süren teklibiniň çäklerinde myhmanlar rus satyn alyjylarynda gyzyklanma döretjek türkmen harytlarynyň sergisini guradylar.

“Tegelek stol” görnüşindäki çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysady ösüşleri we onuň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi hakynda filme tomaşa etdiler. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamda ugurdaş kärhanalaryň we guramalaryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdylar hem-de iş bilen baglanyşykly täze aragatnaşygy ýola goýdular.

Iki tarapyň wekilleri hem ýakyn geljekde eksport boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmegi hakyndaky teklipleri alyşdylar.

Terjime eden Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

06.04.2017. Aşgabatda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň işewürler toparlarynyň maslahaty, şeýle hem Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Bu gezekki duşuşyga gatnaşmak üçin Koreýanyň söwda, senagat we energetika ministri Ju Hýan Wan we Maliýe biržasynyň 40-a golaý ýolbaşçylary we hünärmenleri, öňdebaryjy kompaniýalar we korporasiýalar, şeýle hem iri ylym-bilim merkezleri bolan wekilleri türkmen paýtagtyna geldiler. Türkmen tarapyndan maslahata ýurdumyzyň söwda we maliýe-ykdysady toplumynyň, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.

Işewürler maslahatynyň barşynda çykyş edenler ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Haryt dolanyşygynyň we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösmegi Koreýa Respublikasynyň işewürler toparlarynyň türkmen bazaryna bolan gyzyklanmalaryny äşgär edýär.

Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly serişde we eksport mümkinçiliklerini äşgär edýän mysallar görkezildi. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň doly döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnama kuwwatly senagat düzüminiň döredilmegini, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we dünýäniň kämil tejribeleriniň işjeň ornaşdyrylmagyny nazarlaýar.

Şu gün,18-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi öz işini tamamlady. Onuň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk bölegini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanylan maslahat hem geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen senesine gabatlanan däbe öwrülen bu wekilçilikli çäräni birleşme ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde gurady.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredilenden bäri geçen dokuz ýylyň dowamynda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýan iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Häzirki wagtda Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birleşmäniň we 2012-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bölümleri öz işlerini yzygiderli amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halkara derejesinde alyp barýan işi ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna, netijeli işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýär.

Şu gün, 17-nji martda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahaty dabaraly ýagdaýda açyldy. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň döwlete dahylsyz ulgamynyň gazanan üstünlikleriniň hem-de ösüşiniň geljeginiň giň möçberli gözden geçirilişi bu iri jemgyýetçilik guramasynyň döredilen gününe gabatlanyldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde SSE-niň sergiler zalynda guran sergisiniň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň gazanýan üstünlikleriniň gözden geçirilişiniň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine laýyklykda, hususy ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ertir sergi öz işini tamamlar.

Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Surata düşüren Döwlet Heşdekow.

14.03.2017. Dohada Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Ol sergi katar hyzmatdaşlaryna döwrebaplaşdyrylan ýokary tehnologiýaly senagata, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň giň görnüşlerini öndürip bilýän gaýtadan işleýän pudaklaryň döwrebap düzümlerine daýanýan milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýurdumyzyň ägirt uly gazananlary barada düşünje almaga mümkinçilik berdi.
Syn ediş meýdançalarynda soňky ýyllarda et-süýt, gaplanan balyk önümleriniň we beýlekileriň täze görnüşleriniň 200-den gowragyny özleşdiren Azyk senagaty assosiasiýasynyň kärhanalary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň önümçilik bölümleri derman serişdeleriniň önümleriniň uly sanawyny görkezdiler. Olaryň hatarynda bejeriş palçyklary, bejeriş häsiýetli fito-çaýlar bar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!