15.10.2019. Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady, bu çäräni ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guraýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçiriýlan ýöriteleşdirilen sergi şu ýyl Watanymyzda 20-nji oktýabrda ilkinji gezek bellenilýän Senagat işgärleriniň gününe bagyşlanýar.
Milli ykdysadyýetimiziň iň okgunly ösýän pudaklarynyň biriniň işgärleriniň hormatyna esaslandyrylan bu hünär baýramy her ýyl oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde baýram edilýär. Şol gün tutuş ýurdumyz boýunça dürli çäreler—duşuşyklar, konsertler we beýleki dabaralar guralar. Kärhanalarda önümçiligiň öňdebaryjylaryny sarpalamak çäreleri geçiriler.
Ýurdumyzyň ägirt uly serişde hem-de ykdysady mümkinçilikleri, ekologiýa taýdan arassa we ýokary tehnologiýaly we önümçilikler, oňat hilli harytlar, halkara ölçegleriniň talaplaryna kybap gelýän önümler bu gün döwletimiziň senagat pudagynyň daşary ýurtlarda abraýyny üpjün edýär.

09.10.2019. Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda»Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara sergisi we maslahaty açyldy. Hazaryň kenarynda her ýyl geçirilýän foruma Türkmenistanyň öňdebaryjy syýahatçylyk kärhanlarynyň hem-de bu ulgamda ýöriteleşdirilen Awstriýadan, Germaniýadan, Bolgariýadan, Polşadan, Türkiýeden, Kanadadan, Hindistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan gelen 70-e golaý kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar.
Häzirki döwürde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilýär.
Türkmenistanda bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler, syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasynyň giňeldilmegi, ekologiýa, sagaldyş, sport we at üstünde syýahatçylyk ýaly täze ugurlaryň ornaşdyrylmagy, dynç alyş şertleriniň döredilmeginiň dowam etdirilmegi milli syýahatçylyk ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna we onuň ählumumy ulgama goşulyşmagyna gönükdirilendir.

HORMATLY SERGÄ WE MASLAHATA GATNAŞYJYLAR!
GADYRLY MYHMANLAR!
Sizi gojaman Hazaryň türkmen kenarynda geçirilýän «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň we maslahatyň üstünlikli geçmegini arzuw edýärin!
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralýan bu giň möçberli çäräniň dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara derejede şeýle çäräniň geçirilmegi syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermekde, dünýä döwletleri bilen bu ulgamda hoşniýetli hyzmatdaşlygy kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurduň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurt Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Sergi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini jemledi.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Garaşsyzlygyň 28 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen ýokary derejeli daşary ýurt myhmanlary gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Sergi diwarlary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ykysady üstünliklerine, düýpli özgertmelere, iri taslamalara, belent sepgitlere bagyşlanan. Sergide ýokary tehnologiýa enjamlar, gurallar, döwrebap gurluşyk we bezeg materiallary, kompýuter we kommunikasiýa mümkinçilikleri, azyk senagaty pudagynda ýetilen sepgitler, ekologiýa meselelerini çözmekdäki, sporty hem-de syýahatçylygy, ylmy, medeni we işgärler goruny ösdürmekdäki üstünlikler bilen tanyşdyryldy.
Ykdysady üstünlikleriň sergisi öz işini 24-nji sentýabra çenli dowam eder.

www.mfa.gov.tm

HORMATLY DABARA GATNAŞYJYLAR!
EZIZ ILDEŞLER!
Sizi Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň baýram edilýän güni mynasybetli geçirilýän bu sergide dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän eziz Watanymyzyň ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda gazanan uly üstünlikleri giňden beýan edilýär.
Taryh üçin uly bolmadyk bu döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler, giň möçberli işler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetildi. Häzirki döwürde eziz Diýarymyz ösen tehnologiýalara, innowasiýalara esaslanýan, ýokary depginler bilen ösýän, döwletli tutumlaryň dabaralanýan Watany hökmünde giňden tanalýar. Mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, sebit we dünýä ýurtlarynyň abadançylygyna gönükdirilen başlangyçlarymyz halkara jemgyýetçilikde uly goldaw tapýar hem-de Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraýyny barha belende göterýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!