2019-njy ýylyň 5-11-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý şäherinde iş sapary bilen bolup, “Täze eýýamda bilelikdäki geljek” şygary astynda geçýän 2-nji Hytaý halkara import sergisine gatnaşýar.
5-nji noýabrda serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide HHR-yň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bolsa hormatly myhman hökmünde sergä gatnaşdy.
Bu çärä dünýäniň dürli sebitlerinden we 155 ýurdundan döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle-de 26 halkara gurama we 3890-dan gowrak kompaniýalar gatnaşdy. Olar 64-den gowrak ýurduň ösüş sepgitlerini we üýtgeşik önümlerini görkezýän söwda-maliýe goýum pawilýonlara aýlanyp gördüler. Gatnaşyjylaryň 24-si sergi meýdançasyna ilkinji gezek çykyş edýärler.
Türkmenistanyň adyndan sergide, milli pawilýonymyza önümlerini çykaryp, ministrliklerden we edaralardan, hususan-da, söwda, senagat we kommunikasiýa, dokma, oba hojalyk pudaklaryndan, döwlet haryt-çig mal biržasyndan, logistika we himiýa senagaty pudagyndan ybarat wekiliýet çykyş etdi..
Serginiň dowamynda umumy meýdany 136 kw.m. bolan özboluşly, döwrebap stilde gurnalan Türkmenistanyň milli pawilýonyna köpsanly myhman gatnaşyp, ýurdumyzyň söwda-ykdysady, maliýe goýum we taryhy-medeni kuwwaty bilen tanyşdylar.
Serginiň çäklerinde milli sergä önümini çykaran Türkmenistanly telekeçiler üçin geljekde hyzmatdaş bolup biljek hytaý kärdeşleri bilen duşuşyklar, prezentasiýalar, maslahatlaşmalar gurnaldy. Bu bolsa iki ýurduň bazarynyň tendensiýalary we talaplary baradaky giň düşünjäni almaga ýardam berdi, şeýle-de işewürlik gatnaşyklary ösdürmäge goşmaça mümkinçilikler açdy.
Şanhaýdaky Import önümleriniň ikinji Hytaý halkara sergisi öz işini 11-nji noýabra çenli dowam eder.

www.mfa.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!