
27.11.2019. Şu gün paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Olar Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän ýöriteleşdirilen forum bu ýere ýygnananlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň döretmek, ykdysady taýdan gülläp ösmek ýoly bilen ädýän täze üstünlikli ädimleri bilen tanyşdyrdy.
Şu ýyl sergide öz mümkinçilikleri, öndürýän önümleri we hödürleýän hyzmatlary bilen türkmen aragatnaşyk kärhanalary hem-de Owganystandan, Belarussiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Gruziýadan, Ysraýyldan, Ispaniýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Monakodan, Niderlandlardan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýadan, Rumyniýadan, Sloweniýadan, Türkiýeden, Ukrainadan, Özbegistandan, Fransiýadan, Şwesiýadan, Şweýsariýa Konfederasiýasyndan kompaniýalar tanyşdyrýarlar.
Biziň ýurdumyz tehnologik ösüş babatda uly ädimler ätdi, bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde mümkin boldy. Şunda innowasion düzüme, ýokary tehnologiýalaryň we onuň ornaşdyrylmagyna, hemmetaraplaýyn kompýuterleşdirmä hem-de iň gowy dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine, şol sanda aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.