Bir gezek Dawut patyşanyň ýanyna görme-görşe gelen Lukman, onuň täsin bir iş bilen meşgullanyp oturanyny görüpdir. Dawut patyşa demir halkalary ýekedaban bilen süýüp, biri-biri bilen birleşdiripdir. Mundan ozal Lukman poladyň sowuda öwrülişini görmändir. Lukman şonda-da Dawuda sowal bermän, sabyrly bolup, onuň işini synlamagy dowam edipdir. Sabrynyň soňunyň ahyry maksadyna ýetirjegine, ýagny Dawudyň näme edýändiginiň manysyna düşünjegine göz ýetiripdir. Hakykatdan hem patyşa halkalary bir ýere jemläp, täze sowut geýipdir. Lukmana derrew hamme zat aýan bolupdyr. Dawut patyşa lukmana ýüzlenip şeýle diýipdir:
─ Indi bu lybas meni edil galkan kimin ähli urgulardan gorar.
─ Sen öz goraglylygyň üçin ygtybarly sowut bejerdiň ─ diýip Lukman söze başlapdyr:
─ Ýöne, akyldaryň sabrynyň hem ygtybarlylygy kem däl!

Terjime eden Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!