Örän uly hem gazaply pil sürüsi bir güzeriň golaýynda düşläpdir. Olar beýleki haýwanlaryň suw içmäge gelýän ýollaryny kesipdir. Haýwanlar nädip güzere geçip boljakdygy, bu äpet pil sürüsini suwdan nädip sowup boljakdygy hakynda kän kelle döwüpdirler. Eger aralaryndan bir ugurtapyjy towşan çykmadyk bolsa, bular henizem çäresiz galjakdylar.
Ýüregini bire baglan towşan pilleriň baştutanyna ýüzlenip, şeýle diýýär:
─ Eý, meniň hökümdarym, bu dünýäde seniň hyzmätkäriň bolsam-da, barybir men Aýyň wekilidirin, onuň hökümini ähli pilleriň dykgatyna ýetirmelidirin. Siz Aý dolanda iň soňky gezek güzere inmeli hem-de bu ýerleri hemişelik terk etmeli. Aýyň suwa düşýän şekili yrgyldasa, onuň sözlerimi tassykladygydyr, eger aýdýanlarym bolmasa, onda siz meni jezalandyryp bilersiňiz.
Towşanyň Aýyň wekilidigine ynanan pilleriň baştutany onuň haýbatynyň näderejede çyndygyny anyklamak üçin gije düşüp, Aý dolan badyna ähli sürüni alyp güzere inýär.
Baştutan güzere ilki inýär-de hortumyny suwa sokýar. Şol wagt suwuň ýüzünde Aýyň şekili peýda bolýar. Pil muny Aýyň wekili hasaplanan towşanyň aýdanlarynyň tassyklanmasy hökmünde kabul edýär hem sürüsini güzerden hemişelik alyp gidýär.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.