Bir gezek okuwçy mugallymdan soraýar:
─ Mugallym, aýtsaňyzlaň, haýsydyr bir täze işiň başyny başlamak üçin has düşümli gün barmy?
─ Gün? ─ diýip, mugallym geňirgenýär.
─ Belki, hepdäniň ýa aýyň günleridir...
─ Hä, hepdäniň güni ─ diýip, mugallym baş atýar-da, şeýle diýýär:
─ Hawa, elbetde, ol gün ─ çarşenbe ─ diýip, mekirlik bilen okuwçylara seredýär. Olar derrew depderlerine ýapyşyp, mugallymyň aýdanlaryny ýazyp başlaýarlar.
─ Sen näme üçin ýazaňok? ─ diýip, gabat garşysynda, ýüzüne seredip ýylgyryp oturan okuwçydan mugallym berk soraýar.
─ Sebäbi, men siziň mundan aňyrda näme diýjegiňizi bilýärin.
─ Ýeri, näme? ─ diýip, mugallym çytylyp, elini galdyrýar welin, ähli okuwçylar doňan ýaly durýarlar.
Şol wagt hälki okuwçy:
─ Ol hem edil sişenbe, anna, şenbe, duşenbe, penşenbe we ýekşenbe ýaly.
Mugallym:
─ Seňki dogry, ýöne men ilki anna soňra sişenbe diýjekdim ─ diýýär. Okuwçylar bolsa, öz ýoldaşlarynyň tas hemmesini dogry aýdandygy üçin begenişýärler. Soňra olaryň biri:
─ Mugallym, esasan şunuň ýaly yzygiderlilikmi?
Mugallym tas dogry diýen ýaly jogap beren okuwça ünsli seredip, oňa eli bilen yşarat edip:
─ Jogap! ─ Diňe bir gün. Ol hem ─ Şu gün ─ diýýär.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!