Günleriň birinde şähere köpçülikleýin syn etmek üçin äpet pil getiripdirler. Ony köçede hemmelere deň görkezmek maksady bilen, ilki haýsydyr bir binanyň içine salyp goýupdyrlar. Bisabyr adamlaryň birnäçesi pili ýatagyň içinde görmek isläpdir. Ýöne ol ýer garaňky bolansoň, synçylar pili diňe elläp görmeli bolupdyrlar. Elläp gören adamlaryň hersi pil barada gelen netijelerini derrew daşlaryna çykarypdyr.
Piliň hortumyny sermeläp gören adam, ol ternawa meňzeş diýen netijä gelipdir-de özünde galan täsiri derrew beýleki adamlar bilen paýlaşypdyr. Emma, şol wagt piliň gulagyny elläp gören zenan, onuň ýelpewaja meňzeýändigini, aýagyny elläp gören bolsa, onuň haýsydyr bir sütündigini nygtapdyr. Piliň böwrüni sermelän kişi bolsa, ol oturgyja, hatda şalaryň tagtyna meňzeýär diýen karara gelipdir. Piliň daşky görnüşi hakynda ony garaňkylykda näçe adam elläp gören bolsa, şonça hem pikir aýdylypdyr.

Terjime eden Maýa Apbaýewa, žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!