MÄHRIBAN HALKYM!
EZIZ WATANDAŞLAR!

Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — täze senenamamyza laýyklykda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda ilkinji gezek giňden bellenýän Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk berkararlygymyzyň, agzybirligimiziň we jebisligimiziň berk binýadydyr.

Ata Watanymyzyň iň täze taryhy, häzirki ösüşlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň ählisi be-ýik Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Şoňa görä-de, biz bu baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli ruhuny beýan edýän hem-de ýokary ösüşlere, uly üstün-liklere we belent maksatlara galkyndyrýan milli baýram hökmünde buýsanç bilen belleýä-ris.

EZIZ HALKYM!

Biziň saýlap alan ýolumyz gurmagyň we döretmegiň ýoludyr. Biz bu ýol bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýarys. Ýurdumyzy has-da ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksat-namalarymyzy, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üs-tünlikli amala aşyrýarys. Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde senagat-önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, döwre-bap ýaşaýyş jaýlaryny, obalarydyr şäherçeleri gurýarys. Amala aşyrýan düýpli özgertmele-rimiz berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň esaslaryny berkidýär. Yzygiderli, köptarapla-ýyn we durnukly ykdysady ösüşi üpjün edýär, mähriban halkymyzyň durmuş taýdan gorag-lylygyny düýpli gowulandyrmaga ýardam berýär.

Biz üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny, halkara gaz geçirijilerini gurmak, medeniýet, ylym-bilim, sport arkaly halklary birleşdirmek bilen, Beýik Ýüpek ýoluny hem dikeldýäris. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Türkmenbaşy şäheriniň Hal-kara deňiz porty, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzili ýaly iri taslamalary üstün-likli amala aşyrdyk. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi-niň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berdik. Türkmenistan — Owganystan — Pakis-tan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutduk, Serhetabat — Turgundy demir ýoluny ulanmaga berdik. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli we ylgaw ýaryşlaryny hem-de «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisini üstünlikli geçirdik.

Bulardan başga-da, Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda iş-leýän ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasyny, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýyl-da 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän täze uly gazhimiýa toplumyny we beýleki onlarça iri desgalary işe girizdik.

MÄHRIBAN WATANDAŞLAR!

Garaşsyz döwletimiz 23 ýyla golaý wagt bäri halkara gatnaşyklarynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip gelýär. Dünýäniň döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Bu ýörelgeler mähriban halkymyzyň milli bähbitlerine, berkarar döwletimiziň daşary syýasy ösüş ugurlaryna doly laýyk gelýär. Biziň Garaşsyz döwletimiz bu ugra ygrarly bolmak bilen, dünýä ýurtlary, halkara we sebit gura-malary bilen parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýär, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.

Şoňa görä-de, möhüm wakalara baý bolan diňe 2018-nji ýylyň özünde Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň býurosynyň, şeýle hem Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2019 — 2021-nji ýyl-lar üçin agzalygyna saýlandy. Biziň başlangyjymyz bilen Owganystanda halkara tagallalary goldamak hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaz-nasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Rezolýusiýalar kabul edildi. Her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen giren bu şanly wakalar Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy-nyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

MÄHRIBAN HALKYM!
EZIZ WATANDAŞLAR!

Sizi ýokary ruhubelentlik bilen giňden hem-de dabaraly bellenilýän şanly sene — berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, mukaddes Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün!

Goý, Garaşsyz döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýy we şan-şöhraty dünýä dol-sun!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri ar-zuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!