Sergiler we maslahatlar habarlary

Türkmenistanyň TSSE

RUSSIÝA. Döwlet Dumasy Söwda-senagat edarasynyň (SSE) telekeçiligi ösdürmek, hususyýetçileriň kärhanalaryny we bähbitlerini goramak boýunça alyp barýan işlerinde ýerine ýetirýän wezipelerini we hukuklaryny giňeldýän kanuny kabul etdi.
Kanun täze guramaçylyk-hukuk görnüşini emele getirmegi göz öňünde tutýar, ýagny Russiýa Federasiýasynyň (RF) Söwda-senagat edarasy (SSE) Söwda-senagat soýuzyna öwrülýär.
Mundan başga-da bu kanun SSE-niň esaslandyryjylarynyň sanyny artdyrmaga we sebitlerdäki Söwda-senagat edaralarynyň RF-niň Söwda-senagat edarasynda agza bolmagyny borçlandyrýar.
RF-niň sebitlerdäki SSE-leriniň Russiýanyň Söwda-senagat edarasynyň, ýerlerdäki SSE-leriňem sebitlerdäki Söwda-senagat edaralarynyň agzasy bolmagy hökmany borç bolup durýar.
RF-niň Söwda-senagat edarasynyň düzüminden çykan ýa-da çykarylan halatynda olar Söwda-senagat edarasy hökmünde iş alyp barmakdan mahrum edilýär.

2-nji ýanwarda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň kaşaň binasynda ýurdumyzda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji wakalarynyň biri bolan dabaraly çäre geçirildi.
Onuň çäklerinde bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň adyndan “Türkmen owazy” teleýaýlymyna häzirkizaman “Pioneer” atly köpugurly sanly multipleýer saz enjamyny sowgat bermek dabarasy boldy. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.
Geçen ýylyň 30-njy dekabrynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralan döredijilik duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly sanly “Pioneer” multipleýer saz guralynda birnäçe saz eserlerini ýerine ýetirdi hem-de bu häzirkizaman saz enjamyny “Türkmen owazy” teleýaýlymyna sowgat berýändigini mälim etdi.
Teleýaýlymyň işgärleri öz işlerini has ilerletmäge ýardam etjek ajaýyp sowgady buýsanç bilen kabul etdiler.
Döredijilik duşuşygynyň barşynda meşhur aýdymçylaryň, belli sazandalaryň çykyşlary boldy.

Amerikanyň Russiýadaky söwda edarasy 2016-njy ýylda Moskwanyň merkezindäki Lesnoy köçesinde ýerleşýän işewürlik merkezinden alnan jaýa göçer diýlip, Cushman & Wakefield kompaniýasynyň habarynda aýdylýar.
“Amerikanyň söwda edarasynyň täze döwrebap edarasy üçin işewürlik merkeziniň 11-nji gatyndan 450 inedördül metr meýdany kärendesine alyndy” diýlip, habarda bellenilýär.
Ozal Amerikanyň söwda edarasy Dolgorukow köçesindäki işewürlik merkezinde ýerleşýärdi.

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş türkmenistanlylar bilen bilelikde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.
Aşgabadyň ajaýyp binagärlik gözellikleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkezi paýtagtymyzda Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada belent owadan arça gurnaldy.
Döwlet Baştutanymyz asylly däbe eýerip, her ýylda ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky şadyýan Täze ýyl baýramçylygyna kanagatlanma bilen gatnaşýar.
“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy çagalar döredijilik toparlary aýdym-sazlar, şowhunly tanslar bilen garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisini mähirli gutlaýar.

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňýanyndaky bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi. Bu barada Türkmen döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, şeýle hem halkara derejesindäki duşuşyklarda çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş meselelerine seredildi. Şol meseleler boýunça degişli çözgütler kabul edildi we resminamalara gol çekildi. Şol çözgütler oňyn netijelerini hem berdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!