Sergiler we maslahatlar habarlary

Türkmenistanyň TSSE

Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň (TR SST) başlygy Şarif Said Hytaýyň syýasy geňeşmeler soýuzynyň Daşary ýurtlardaky wekilhanasynyň prezidenti jenap Kewin Вuanyň ýolbaşçylygynda Täjigistana baran Szýansu welaýatynyň wekiliýeti bilen duşuşdy. Bu barada TR SST-nyň resmi saýtynda habar berilýär («proffe.cf»).

Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Рytaý bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejededigini belläp, munuň iki goňşy döwletiň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň has-da ilerlejekdiginiň kepili we esasy bolup durýandygyny aýtdy.

Jenap Kewin Duan Szýansu welaýatynyň wekiliýetiniň şu saparynyň Täjigistan Respublikasy bilen tanyşmak üçin guran ilkinji saparydygyny belledi.

17-nji ýanwarda saýlawlaryň öňýanyndaky möwsümiň nobatdaky möhüm tapgyry—Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige almak tamamlandy. 12-nji fewralda döwlet Baştutany wezipesine geçiriljek saýlawlara dalaşgärleriň 9-sy resmi taýdan bellige alyndy.

Olaryň hatarynda Demokratik partiýadan—Türkmenistanyň häzirki Prezidenti G.M.Berdimuhamedow; Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan—“Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atalyýew; Agrar partiýadan—Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy D.Orazow bar.

Bulardan başga-da dalaşgärleriň 6-sy raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlendi. Olaryň hatarynda Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary J.Annaýew, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory R.Durdyýew, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary M.Gurbanow, Ahal welaýatynyň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy S.Jelilow, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory S.Nurnepesow, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary M.Annanepesow bar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide «Astana EKSPO-2017» sergisiniň guramaçyalry bilen «EXPO 2020 Dubai» Býurosynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyk baglaşyldy.

Resminama Astana EKSPO-2017» paýdarlar jemgyýetiniň Prawleniýesiniň başlygy Ahmetžan Ýesimow bilen «EXPO 2020 Dubai» Býurosynyň Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali gol çekdi.

Ylalaşyga laýyklykda taraplar 2017-nji ýylda Astanada geçiriljek we 2020-nji ýylda Dubaýda geçiriljek sergileri guramakda birek-birege ýardam ederler.

16.01.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň ulag we aragatnaşyk ulgamyna, senagat pudagyna, nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Balkan welaýatynyň iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýyna, sebiti ykdysady taýdan ösdürmegiň ugurlaryna, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň meýilnamalaryna garaldy. Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagyň meseleleri, senagatyň netijeliligini we eksport kuwwatyny artdyrmak, gazhimiýa we himiýa senagatyny, ulag ulgamyny ösdürmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

16.01.2017. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiokerosini, awtobenzini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Owganystandan gelen işewürlere daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaý, nah ýüplük, pagta-süýümi, pagta galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 42 million 514 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi 1 million 290 müň manatlyga golaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri 1 million manatlyk azyklyk bugdaý, nebit bitumyny satyn aldylar.

www.tdh.gov.tm
Rüstem Nuryýewiň fotokollažy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!