Sergiler we maslahatlar habarlary

Türkmenistanyň TSSE

14.12.2016. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýurdumyzyň Prezidentligine dalaşgär hödürlemäge bagyşlanan maslahaty geçirildi.

Dalaşgär hödürlemek düzgüni Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda guraldy.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar ýokary döwlet wezipesine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hödürlemek baradaky teklibe garadylar. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň görnükli ýolbaşçylyk we guramaçylyk aýratynlyklaryny, milli ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmakda bitiren ägirt uly hyzmatlaryny we bu babatda ýetilen belent sepgitleri, döwlet işinde toplan uly tejribesini, pikir ýöretmegiň strategik nusgasyny bellediler.

«Astana EKSPO-2017» Milli kompaniýasynyň wekiliýeti Prawleniýanyň başlygy Ahmetžan Ýesimowyň ýolbaşçylygynda Halkara Sergi Býurosynyň Parižde guralan 160-njy Baş Assambleýasyna gatnaşdy.
«Astana EKSPO-2017» Milli kompaniýasynyň baştutany öz çykyşynda sergä görülýän taýýarlyk barada gürrüň berdi hem-de bu kompaniýanyň geljekki döwür üçin meýilleşdirýän işleri barada maglumat berdi.
Häzirki güne çenli dünýä döwletleriniň 106-sy, halkara guramalaryň 17-si EKSPO-2017 sergisine gatnaşmaga isleg bildirdi. Sergä gatnaşýan döwletleriň milli güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň 67-siniň senesi belli edildi. Ösüp barýan ýurtlara kömek etmäge niýetlenen Maksatnama durmuşa geçirilýär.

12.12.2016. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gonkongdan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna azyklyk bugdaýy, nah ýüplügi we aşgarlanmadyk matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 606 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine niderlandly işewürler 1 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 4 million 135 müň manatlykdan gowrak awtoulagy we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

«tdh.gov.tm»
Rüstem Nuryýewiň kollažy

12.12.2016. Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milli senenamanyň esasy seneleriniň biri bolan Bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 21 ýyllygyny giňden belleýär. Şöhratly sene mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandy. Türkmen paýtagty dabaralaryň esasy
merkezine öwrüldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly ýagdaýda Bitaraplyk binasynyň etegine gül çemenini goýýar.

Döwlet Baştutanymyzyň yzýany bilen Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, dabara gatnaşýan beýleki adamlar gül goýýarlar.

Adam akymy beýik ýadygärligiň töweregindäki giňişligi gurşap alýar.

Dabara tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

«turkmenistan.gov.tm»

Aşgabatly çagalaryň arzuwy hasyl boldy. Şähere ak ýorgan ýaly ak gar ýapyp, şu gyşyň ilkinji gary ýagdy. Ol gaty güýçli ýagdy. Öten gijesi bilen ýagyp, çagalara Garadam ýasamaga-da, gar zyňyşyp oýnamaga-da ýeterlik boldy.

Şäheriň köçelerini, jaýlaryň üçeklerini, baglary, baýyrlary we dag gerişlerini we Aşgabadyň töwerek-daşyny ak perde örtüp, türkmen paýtagtyny ertekidäki şähere öwürdi.

Ilkinji gara hemmeler begenýär. Diňe sürüjiler hüşgärligi elden bermezlik üçin has ünsli bolmaly bolýarlar. Bütin ýylyň dowamynda gar sanaýmaly gezek ýagýandygy, onuň 1-2 günden uzak ýatmaýandygy üçin biziň şäherimiziň sürüjileri garda we doňaklykda ulaga erk etmäge werziş bolmaýarlar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!