Sergiler we maslahatlar habarlary

Türkmenistanyň TSSE

19.12.2016. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaý, dürli görnüşli tekiz reňklenen we tüýjümek önümler, nah ýüplük, pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Türkiýe, Owganystan, Gyrgyzystan we Gruziýa. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 9 million 808 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 996 müň manatlykdan gowrak bolan garaköli goýnuň ýüňüni satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri jemi bahasy 126 müň manatlykdan gowrak bolan ýük ulagyny we azyklyk bugdaý satyn aldylar.

«tdh.gov.tm»

17.12.2016. Ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Agrar partiýanyň işjeň agzalarynyň maslahaty boldy. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri görkezmek meselesi girizildi. Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde ýurdumyzyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow hödürlendi.
D.Orazowyň iş we durmuş tejribesi bilen duşuşyga gatnaşyjylar tanyşdyryldy. Onda çykyş edenler dalaşgäriň ýokary guramaçylyk ukyby, hünär derejesi, dürli wezipelerde toplan iş tejribesi, şeýle hem adalatly we her bir işde goldaw bermäge ukyply hem-de göreldeli maşgalabaşy hökmündäki şahsy häsiýetleri barada aýtdylar.

16.12.2016. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem Parlamentleriň zenan ýolbaşçylarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin, 13–14-nji dekabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada habar berdi.

Häzirki wagtda Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny has-da ösdürmäge, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanýar.

15.12.2016. Şu gün ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezinde Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek meselesine garamagyň barşynda “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezmek baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy. Ara alyp maslahatlaşmagyň netijeleri boýunça Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi.
Bu maslahat möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň çäklerinde guralýan ähli çäreler ýaly açyklyk we aýanlyk şertlerinde geçdi. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň kanunçylyk taýdan berkidilen özüniň konstitusion hukuklaryny erkin we doly derejede durmuşa geçirmäge bolan mümkinçiliklerini ýene bir ýola äşgär etdi.

14.12.2016. Şu gün türkmen paýtagtynda “Türkmenistan-ABŞ” Işewürlik geňeşiniň wekilleriniň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birnäçe kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, önümçilik düzümleriniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda işewür duşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.

“Türkmenistan-ABŞ” Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrmaga hem-de söwda-ykdysady, işewürlik gatnaşyklaryny we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän “açyk gapylar” syýasatyna ýokary baha berdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!