Sergiler we maslahatlar habarlary

Türkmenistanyň TSSE

23.12.2016. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berildi, ol öz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ähli pudaklaryň ösüşine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny belläp, maliýe-ykdysady düzümleriň alyp barýan işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçiligiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň berkidilmegine gönükdirilen birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

26.12.2016. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy.

Beýik Britaniýadan, Owganystandan, Belizden, Gruziýadan, Gazagystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, gidrousul arkaly arassalanan dizel ýangyjyny, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna azyklyk däne, nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek we beýleki matalar, flanel mata, portlandsement, buýan köküniň şiresi, tikinçilikde uanylýan pamyk, pagta süýümi, gaýtadan işlenen süýüm satyldy.

21.12.2016. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak, ýerli serişdelerden taýýarlanylýan önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilişiniň möçberlerini ýokarlandyrmak daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli harytlar bilen içerki bazary üpjün etmek boýunça wezipeleriň oňyn çözülmegi bilen utgaşykly alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, köpugurly esasda ösüş gazanmak, düzümleýin üýtgedip gurmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak, senagat pudagyna, obasenagat toplumyna we ulag – logistika düzümlerine maýa goýum serişdelerini gönükdirmek, kiçi we orta telekeçiligi, telekeçilik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamak boýunça işjeň durmuşa geçirilýän syýasatyň oňyn netije berýändigini bellemeli.

Soňky ýyllarda esasy makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, 2016-njy ýylyň on bir aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim, şol sanda senagatda 1,1 göterim, gurluşykda 4,4 göterim, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterim, oba hojalygynda 12 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103,4 göterime deň boldy.

2016-njy ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Sport guramalarynyň Halkara Konfederasiýasynyň Prezidenti jenap Boris Rogatin bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda ýurduň sport syýasaty meseleleri boýunça pikir alşyldy. Dünýäniň sport äleminde Türkmenistanyň abraýyny ýokarlandyrmak boýunça milletiň baştutanynyň alyp barýan möhüm syýasatyny bellemek bilen, taraplar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda sport babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň barşynda bu sport oýunlarynyň çäklerinde geçiriljek sport ýaryşlarynyň görnüşleri 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň meýilnamasyna girýändigi bellenildi.
2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna we ýurdumyzda geçiriljek beýleki ýokary derejeli sport ýaryşlaryna görülýän işjeň taýýarlyk işlerine garamak bilen, taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sportyň häzirki zaman infrastrukturasyny, hususan-da sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesini gurmak boýunça berýän ägirt uly ünsüni bellediler.

19.12.2016. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmak, şeýle hem Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Wideoşekilli iş maslahatynyň başynda Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde welaýatyň Obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak hem-de mallary dok we ýyly gyşlatmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň barşy hem-de welaýatyň ähli künjeklerinde Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!