Sergiler we maslahatlar habarlary

Türkmenistanyň TSSE

08.01.2017. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýlan asylly däbe görä, Täze ýylyň ilkinji günlerinde atçylyk toplumyna baryp gördi. Türkmen halkynyň häsiýetiniň we zehininiň utgaşmagy bilen döredilen deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleri gezdirip ýören wagty hormatly Prezidentimize täze taýçanagyň dünýä inendigi barada şatlykly habary aýtdylar. Elbetde, nesliň dünýä inmegi atşynaslar üçin hemişe uly şatlyk bolup, bu ýagdaý yzygiderli bolup geçýär. Ýöne häzirki wakanyň Täze ýylyň başynda bolup geçendigi özboluşly mazmuna eýedir. Munuň özi tutuş ýylyň uly üstünlige beslenjekdiginiň, gowulyklaryň boljakdygynyň oňat nyşanydyr. Şu ýyl bolsa döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip atlandyryldy. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň taýçanaga Ruhubelent diýip at dakmagy tebigy ýagdaýdyr.

Şunuň bilen birlikde, taýçanak akýal-mele öwüşginlidir. Bu bolsa arassalygyň we kämilligiň, aýdyňlygyň we belentligiň öwüşginleridir. Gadymy asyrlardan bäri oňa türkmenlerde mukaddeslik hökmünde garalýar.

Ak reňk ruhubelentliligi, dogruçyllygy, adalatlylygy we gündiziň manysy bilen utgaşyp, açyklygy alamatlandyrýar. Şeýle hem ol parasatly ýaşulularyň nygtaýşy ýaly, süýt bilen ýumurtgada öz beýanyny tapan öndüriji güýç diýen mana eýedir. Halk içinde bu reňkiň manysyny kesgitleýän birnäçe durnukly söz düzümleri: ak ýol, ak öý we şuňa meňzeşler ýörgünlidir.

07.01.2017. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.

Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Owganystandan gelen işewürlere daşary ýurt puluna azyklyk däne, pagta süýümi, boýalan tüýjümek önümler satyldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 548 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 157 müň manatlyk azyklyk däne satyn aldylar.

www.tdh.gov.tm

«Sergilere gatnaşmagyň netijeliligini nädip ýokarlandyrmaly» atly praktiki seminara Belarusyň kompaniýalarynyň 140-dan gowragynyň wekilleri gatnaşdylar. Seminar Minsk şäherindäki IMAGURU biznes-klubynda geçirildi.

«ЭкспоЭффект» atly sergi konsalting agentliginiň baş direktory Nikolaý Karasýow tarapyndan alnyp barylan seminarda oňa gatnaşyjylara sergilerdäki mümkinçilikleri netijeli ulanmagyň has işjeň ulanylýan usullary we strategiýasy barada gürrüň berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi, onda wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususy ulgamyň ornuny pugtalandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijeleri barada aýdyldy. Gelip gowşan teklipleriň seljerilmegi netijesinde, desgalaryň birnäçesini hususylaşdyrmaga degişli bolan desgalaryň sanawyna goşmak teklip edilýär.

29.12.2016. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň tamamlanýandygyny we 2017-nji ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyrýan Täze ýyl baýramçylyk çärelerine gatnaşdy.

... Döwlet Baştutanymyz Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk görnüşinde bezelen kaşaň binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi milli parlamentiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatrşyladylar.

Ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri döwlet Baştutanymyzy bu röwşen barýam bilen gutlap, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, öňde goýlan ähli ägirt uly meýilnamalaryň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin çäksiz gujur-gaýrat arzuw etdiler.

Ýygnananlaryň belleýişleri ýaly, tamamlanyp barýan ýubileý ýyly syýasy, ykdysady we medeni durmuşda möhüm wakalara, ajaýyp sepgitlere hem-de agzybir we bitewi halkyň uly zähmet ýeňişlerine baý boldy hem-de özygtyýarly Türkmenistanyň täze taryhynda iň nurana sahypa öwrüldi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!