Sergiler we maslahatlar habarlary

Türkmenistanyň TSSE

Kaydzen ýapon pelsepesi bolup, önümçilik prosesleriniň üznüksiz kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Ol işläp düzmeleri, kömekçi biznes-prosesleriň dolandyrylmagyny, şeýle-de durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýar.
Biznesdäki «kaydzen» önümçilikden başlap, ýolbaşça çenli, ýagny direktordan ýönekeý işgäre çenli ýuwaş-ýuwaşdan işleriň hilini ýokarlandyrmak. Kaýdzeniň maksady önümçiligi ýitgisiz alyp barmakdan ybarat.
Kaýdzen pelsepesi ilkinji gezek Ikinji jahan urşundan soňky dikeldiş ýyllarynda ýapn kompaniýalarynyň (şol sanda “Toýota” hem) birnäçesinde ulanylypdyr. Soňlugy bilen bütin dünýä ýaýrapdyr. «Kaydzen» adalgasy Masaki Imainiň adybir kitaby çapdan çykansoň giňden ýaýrapdyr.

Azerbaýjanyň telekeçiler guramasynyň milli konfederasiýasy bilen Eýranyň söwda, senagat, magdan we oba hojalyk boýunça palatasy özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekişdiler.
Gol çekişmek dabarasy Baku şäherinde guralan azerbaýjan-eýran işewürlik maslahatynyň dowamynda geçirildi.
Işewürlik maslahatyna senagat, gurluşyk, azyk senagaty, farmasewtika, maşyngurluşyk, syýahatçylyk, söwda, ätiýaçlandyryş ulgamlaryna we agrosenagat toplumyna wekilçilik edýän işewürleriň 200-den gowragy gatnaşdy.
Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Şahin Mustafaýew işewürlik maslahatynda çykyş edip, Azerbaýjan bilen Eýranyň arasyndaaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejededigini aýtdy.

Azerbaýjanyň www.trend.az saýtynyň materiallary esasynda taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

09.01.2017. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde 2016-njy ýylyň jemleri jemlendi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň döwlet Baştutanymyzyň beren anyk tabşyryklary we görkezmeleri babatda şu döwürde ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlendi.

Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň howpsuzlygyny we asuda durmuşyny üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek bilen bagly meseleler girizildi. Mundan başga-da, Täze, 2017-nji ýyl üçin esasy çäreler we wezipeler kesgitlenildi.

Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewiň hasabaty diňlenildi, ol ýurdumyzyň harby doktrinasyna laýyklykda onuň goranmak ukybyny güýçlendirmek, Ýaragly Güýçleriň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek we ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak maksady bilen, geçen ýylda görlen çäreler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Harby gullukçylaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin amatly şertleri döretmek şol özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri boldy we şeýle bolmagynda galýar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi we tumary Hökümetiň mejlisinde görkezildi. Bu barada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň tumarynda türkmen alabaýy şekillendirilipdir. Türkmen awçy itiniň güjügüniň şekilindäki tumara sport eşigi geýdirilipdir.

Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi milli şaý-sepi ýatladýar. Ol milli amaly-haşam sungatynyň däp bolan bezeg serişdeleri esasynda, ýöne häzirkizaman döredijilik ýörelgelerine laýyklykda taýýarlanylypdyr. Şeýle-de, onuň ýüzünde türkmen halysyna we milli eşiklerine mahsus şekiller öz beýanyny tapypdyr.

Rüstem Nuryýewiň fotokollažy.

Şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maglumat üpjünçüligini ilerletmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýleki döwlet düzümleri bilen bilelikde çäreleriň Meýilnamasyny işläp taýýarlady, ol dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň häzirki ýeten sepgitleri, üstünlikleri we gazananlary, şeýle hem Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmek üçin “Euronews”, Hytaýyň CCTV, Rossiýa-24 ýaly dünýä belli teleýaýlymlar bilen hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulýar. Bu ýaýlymlar boýunça Aziada-2017-ä bagyşlanan wideorolikleri, mahabat şekillerini, ýörite reportažlary we telegepleşikleri görkezmek teklip edilýär.

Milli elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň milli olimpiýa komitetleriniň hem-de Halkara sport federasiýalarynyň web-serişdelerini işjeň peýdalanmak, şeýle hem Youtube, Facebook, twitter, instagram we beýleki halkara durmuş ulgamlarynyň mümkinçiliklerini ulanmak bellenildi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!