Sergiler we maslahatlar habarlary

Türkmenistanyň TSSE

Sen ykbala elmydama ýylgyryp baksaň, ykbal hem saňa gülüp bakar.
***
Siz diňe bir zady tutuşlygyna dolandyryp bilersiňiz, ol hem siziň pikirleriňizdir.
***
Siz özüňizde ýok zady sowgat edip bilmersiňiz; özüňiz betbagt bolup başgalary bagtly etmek mümkin däl.
***
Hiç kim sizden üýtgeşik däl. Hiç kim sizden akylly däl. Ýöne olar bu işe sizden öň girişdiler.
***
Eger siz üstünlige ýeten adamlaryň edenini etseňiz, ahyr netijede olaryň gazanan netijesini gazanarsyňyz. Şeýdibem, üstünlige ýeten adamlaryň biri bolarsyňyz.
***
Siz özüňiz bilen bolýan ýagdaýa höküm edip bilmeýänem bolsaňyz, oňa bolan gatnaşygyňyza hökümiňizi ýöredip bilýärsiňiz. Hut şol gatnaşyklar hem wakalaryň sizimi ýa-da siziň wakalary dolandyrjakdygyňyzy kesgitlär.
***
Pikirleriňizi özgertmegi başarsaňyz, durmuşyňyzy hem özgerdersiň.

Türkmen diline terjime eden Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

11.01.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň hemişelik wekili, Ilat gaznasynyň wekili hanym Ýelena Panowany kabul etdi. Ol ynanç hatyny gowşurdy.

Pikir alyşmalaryň barşynda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara bildirilýän gyzyklanma tassyklanyldy.

BMG Türkmenistanyň Durnukly ösüşiň maksatlaryny millileşdirip, şol Maksatlary milli meýilnamalara ornaşdyrmagyň üstünde bilelikde işlemäge başlan ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny ykrar edýär diýip, hanym Ýelena Panowa aýtdy. BMG-niň wekili Merkezi Aziýada durnukly ösüşe, parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna Türkmenistanyň goşýan goşandyna, BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden ýurduň beýan edýän sebit we dünýä derejeli başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

10.01.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşleri bilen bilelikde esasy desgalarynyň gurluşygy tamamlanan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde ir bilen türgenleşik geçdi, şeýle hem Awtosport merkezinde sport awtoulagyny ýokary tizlikde sürmegiň ussatlygyny görkezdi.

Döwlet Batutanymyzyň bu gezekki türgenleşikleri hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynyň ilkinji günlerine gabat gelýändiginiň aýratyn manysy bar. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüljek halkara sport baýramçylygy bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna galan 250 günüň hasaby başlandy. Bu şanly waka halkara ýaryşlary mynasybetli yglan edilen atly ýörişiň Lebap welaýatynyň çägindäki birinji gününe gabat geldi. Ol ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap almak bilen, Aziada-2017-niň açylyş gününde Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda tamamlanar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň we Olimpiýa hereketiniň mundan beýläk-de işjeň ösdürilmegine, Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki halkara abraýynyň berkemegine gönükdirilen bu ägirt uly taslamanyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi.

2017-nji ýylyň ýanwar aýynyň 8-ine Ýaponiýanyň iň iri sungat muzeýleriniň biri bolan “POLA” muzeýinde Türkmenistanyň etnografiýasy we taryhy barada medeni çäre geçirildi. Bu çäre 2016-njy ýylyň sentýabryndan 2017-nji ýylyň mart aýyna çenli “POLA” muzeýinde hereket edýän Türkmenistanyň etnografiýa we şaý-sepler eksponatlarynyň sergisiniň çäklerinde gurnaldy.

Agzalan çäräniň dowamynda alym hanym Takako Murata, dizaýner we modelýer hanym Matsura hem-de muzeýiň wekilleri türkmen etnografiýasyna degişli bolan şaý-sepler we egin-eşikler barada çykyş etdiler.

10.01.2017. Mundan laýyk 250 gün ozal, 2016-njy 5-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýanynda Aziada-2017 mynasybetli ýyndam hem-de owadan ahalteke bedewine atlanan 17 çapyksuwaryň gatnaşmagyndaky atly ýörişe badalga berdi. 500 günüň dowamynda atly ýöriş ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan geçer hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylýan güni Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde jemleýji pellehanasyna ýeter.
Ine, atly ýöriş öz ýolunyň gylla ýaryny geçip, Ahal, Balkan we Daşoguz sebitleriniň obadyr şäherlerini aýlanyp, Lebap welaýatyna geldi. Bu wakanyň öňüsyrasynda Gazojak şäheriniň häkimliginde atly ýörişiň geçen ýoly mynasybetli maslahat geçirildi. Ýygnananlar Aşgabatda yklym derejesindäki iri sport ýaryşyny – Aziada-2017-ni geçirmek başlangyjyny öňe süren döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerini alamatlandyrýan baýramçylyk görnüşinde bezelen derwezäniň öňünde lebaplylar bu taryhy ýörişe gatnaşýan 17 çapyksuwary uly şatlyk bilen dabaraly garşylady. Bu ýatdan çykmajak waka mynasybetli Gazojak şäherinden 25 kilometrlikdäki giň meýdançada arzyly myhmanlar üçin baýramçylyk bezegine beslenen medeni - sport desgalary we hatar gurap oturan türkmen ak öýleri guruldy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!