Sergiler we maslahatlar habarlary

Türkmenistanyň TSSE

13.01.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Hökümetiniň 2016-njy ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde duran wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ministrlikleriň we edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer 2016-njy ýylyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, maýa goýum kuwwatynyň netijeliligini artdyrmak we ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça giň möçberli işler amala aşyryldy.

Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,2 göterim, gurluşykda 4,4 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,5 göterim, söwdada 14,3 göterim, oba hojalygynda 11,6 göterim we hyzmatlar ulgamynda 10 göterim ýokarlandy.

«Baýterek» milli dolandyryjy holdingi gazak-eýran bilelikdäki söwda palatasyny döretmek baradaky ideýany goldaýar. Bu barada kompaniýanyň prawleniýesiniň başlygy Ýerbolat Dosaýewiň beýanat berendigi “zakon.kz” saýtynyň habarçysy tarapyndan aýdylýar.

Bilelikdäki söwda palatasy döredilse, Gazagystanda, şeýle-de Eýranda durmuşa geçiriljek taslamalar babatdaky meseleleri çözer diýlip pikir edilýär.

Dosaýew «Baýterek» milli holdinginiň täze taslamalary maliýeleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp geçýär.

Ol şeýle-de, Gazagystanyň diňe bir Eýranyň maýa goýum taslamalaryny özüne çekmek bilen çäklenmeýändigini, şol bir wagtyň özünde Gazagystanyň dünýäniň iň bir özüneçekiji we geljegi uly bazarlarynyň birine girmek isleýändigini aýdyp, Eýran bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary örän pes derejede bolup, taraplaryň söwda hem üstaşyr ýükler boýunça baglaşylan ylalaşyga täzeden seretmeginiň gerekdigi aýdylýar. Bu barada bilelikdäki owgan-pakistan söwda-senagat palatasy habar berýär.
Owganystanyň söwda-senagat palatasy Hökümeti söwda hem üstaşyr ýükler boýunça owgan-pakistan ylalaşygyna täzeden seretmege çagyrýar. Olaryň pikiriçe, köne şertnamany täzelemeli we oňa Owganystan bilen Pakistandan başga Täjigistany we Hindistany hem goşmaly.
«Eger söwda hem üstaşyr ýükler boýunça owgan-pakistan ylalaşygy giňeldilmese, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy barha pese düşer» diýip, palatanyň baştutany Ahmadulla Afgan gürrüň berýär.
Hünärmenleriň pikirne görä, ylalaşyga Täjigistan bilen Hindistan hem goşulsa, haryt dolanyşygynyň möçberi 70 göterime çenli ýokarlanar.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

12.01.2017. “Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe akkreditasiýa şahadatnamalaryny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, şeýle hem akkreditasiýa şahadatnamasynyň nusgasy tassyklanyldy.

www.tdh.gov.tm

1.Häzirki wagtda jemgyýetde iki dürli adamlar bar: olaryň bir topary biraz pul tygşytlamak üçin isledigiňçe wagt sarp etmäge taýýar. Beýleki topar adam bolsa wagtyny tygşytlamak üçin islendik möçberdäki puly harçlamaga taýyn.
Piter Kohreýn

2.Öwezini dolup bolmajak ýitgileriň biri wagtyňy ýitirmekdir.
Žorž Býuffon

3.Takyklyk – guramaçylygyň özeni. Guramaçylyk – üstünligiň özeni.
Jonatan Kou

4.Wagt – XXI asyryň iň hümmetli walýutasydyr.
Braýan Treýsi

5.Olar menden: «15 minutda hemme işleriňi etmäge nädip ýetişjek?» diýip soraýarlar. Men olara: «Onuň hiç hili kynçylygy ýok. Ýekeje sekundyňy hem bisarpa tutmaly däl» diýip jogap berýärin.
Riçard Brenson

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!