Sergiler we maslahatlar habarlary

Türkmenistanyň TSSE

Orta Aziýada iri Olimpiýa toplumy Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň degişli talaplaryna hem-de ölçeglerine laýyk gelýän desgalaryň 30-dan gowragyny özünde jemleýär. Ýeri gelende aýtsak, olaryň köpüsi ulanylmaga tabşyryldy. Bu ýerde basketbol, milli göreş, jiu-jitsu we sportuň beýleik görnüşleri boýunça halkara synag ýaryşlary geçirildi. Ýakyn wagtda bu ýerde kikboksing boýunça ýaryşlar meýilleşdirildi.

Olimpiýa şäherjiginde hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy, wise-premýerler, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar. Bu ýere ýygnananlar bilen mähirli görşüp, döwlet Baştutanymyz toplumyň sport desgalaryna bardy we ol ýerde egindeşleri bilen sportuň birnäçe görnüşleri boýunça türgenleşikleri gurady.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz türkmenistanlylara, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlara şahsy görelde görkezýär hem-de adamlaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwürdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport – munuň özi güýjüň, sagdynlygyň, sazlaşygyň we döredijiligiň belentliklerine tarap ruhy galkynyşyň utgaşmagydyr. Yzygiderli türgenleşik adamda zähmetsöýerlik, pugta erk we maksada okgunlylyk ýaly zerur häsiýetleri kemala getirýär. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda sport ulgamyna höwesekleriň sany barha artýar we onuň jemgyýetdäki orny pugtalanýar.

Hormatly Prezidentimize Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Hormat ordeniniň, hormatly Prezidentimize adaty Fudokan-Şotokan karate-donyň (WTFSKF) Bütindünýä federasiýasynyň 10-njy danynyň (karatede we dzýudoda kämillik derejesi) eýesiniň Hormat diplomynyň gowşurylmagy döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň sport hereketiniň öňünde hyzmatlarynyň ykrarnamasynyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň wagyz edilmeginde, hakykatdan-da, bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, döwletimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty has-da ösdürmäge uly maýa goýumlaryny gönükdirýär. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” hem-de “2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda sporty we bedenterbiýäni goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamada” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň hemme sebitlerinde halkara ölçeglerine kybap gelýän stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary eýýäm gurlup, ulanylmaga tabşyryldy we gurulmagy dowam edýär.

Şeýle hem bina edilýän bilim we mekdebe çenli edaralaryň ählisinde döwrebap sport enjamlary bolan sport zallarynyň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin meýdançalaryň, suwda ýüzülýän howuzlaryň göz öňünde tutulýandygyny bellemek gerek. Gökderede hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşen çagalar sagaldyş merkezlerinde işjeň dynç almak üçin zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bütin ýylyň dowamynda dürli sport çäreleri bolan ýaryşlar geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça “Saglynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda ýurdumyzda her ýylda sport ýaryşlaryny geçirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Oňa mekdep okuwçylary we talyplar, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlygyny ugur edinýän döredijilikli syýasaty tutuş dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu waka türkmen halkynyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Çünki biziň ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup bu abraýly sport ýaryşlaryny kabul etmek hukugyna eýe boldy. Şonuň üçin-de Aziada taýýarlyk görmek ýokary depginler bilen barýar. Aziada-2017-ni guramak meseleleri hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz bu iri ýaryşlara taýýarlyk görmek meselelerine möhüm ähmiýet berýär. Çünki, şeýle derejedäki ýaryşlar Türkmenistanda ilkinji gezek geçiriler. Garaşylyşy ýaly, oňa 62 ýurtdan, şol sanda Okeaniýadan 5 müňden gowrak türgen gatnaşar, olar sportuň 21 görnüşi boýunça medallar ugrundaky bäsleşiklere gatnaşarlar.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!