Sergiler we maslahatlar habarlary

Türkmenistanyň TSSE

20.01.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işine degişli möhüm meselelere garaldy we birnäçe resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzda oba hojalyk önüm öndürijilerini maliýe taýdan goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýyldaky “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakyndaky” Kararyndan ugur alyp, daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, mülkdarlara, kärendeçilere we oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny satyn almak, şeýle hem maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin maliýe serişdeleri berilýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlary mahalynda oňa gatnaşýanlara hyzmat etmäge niýetlenen awtoulaglaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ministri A.Aýdogdyýew Aziýa oýunlary mynasybetli alynmagy meýilleşdirilýän awtobuslaryň we beýleki ulaglaryň görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu maksat bilen halkara bäsleşigi yglan edildi we gelip gowşan teklipleri hemmetaraplaýyn seljermegiň netijeleri boýunça ýurdumyzyň howa şertlerine we beýleki bildirilýän tehniki talaplara laýyk gelýän, şeýle hem dünýäde ygtybarlylygy we ýokary hil derejesi boýunça belli bolan kompaniýalaryň öndürýän ulaglaryny almak meýilleşdirildi.

KOLOMBODAKY DUŞUŞYK
On iki ýyl mundan ozal Şri-Lanka döwletiniň Kolomba şäherinde geçirilen futbol ýaryşyndan soňra geçirilen metbugat ýygnagynda Awstraliýanyň ýetginjekler ýygyndysynyň tälimçileriniň biri: “Biz uzak ýol aşyp, gadymy Seýlona gelenimize begenýäris. Çünki bu ýerdäki gadymy medeni-taryhy ýadygärlikler we özboluşly desgalar uly täsir galdyrdy” diýip, ýaryşyň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirdi.
Şol ýaryşyň çäginde türkmen wekiliýeti Şri-Lankanyň futbol federasiýasynyň baş edarasynda Türkmenistan bilen tanyşlyk dabarasyny gurapdy. Ýaşlar ýygyndymyzyň şol döwürdäki baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Röwşen Muhadow awstraliýalylary gyzyklandyryp biljek gymmatlyklaryň Türkmenistanda hem juda kändigini aýdyp, olary myhmançylyga çagyrdy. Çakylygy minnetdarlyk bilen kabul eden asly gresiýaly, ýöne Awstraliýada ýaşaýan hünärmen: “Olimpiýa oýunlaryny ýa-da Aziýa oýunlaryny geçirseňiz höwes bilen bararys!” diýdi. Türkmen wekiliýetiniň agzalary bolsa olary şol wagt ýurdumyzda geçirilýän ýeke-täk iri ýaryş bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky futbol ýaryşynda görmek isleýändiklerini aýdypdylar.

19.01.2017. Mary welaýatyna iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow utgaşykly dolanyşykda işleýän gazbugturbinaly elektrostansiýanyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Kuwwatlylygy 1574 MWt bolan elektrostansiýa “Türkmenenergo” Döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy boýunça Mary DES-niň çäklerinde bina edilýär.

Bir ýylda 12,6 milliard kWt/sagat elektrik energiýasyny çykarmaga niýetlenilen utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrostansiýa ýangyç hökmünde diňe bir tebigy gazy däl, eýsem bugy hem peýdalanar.

Topluma gaz turbinalaryň dördüsi, galyndylary gaýtadan işleýän gazanlar, bug turbinalarynyň ikisi hem-de beýleki tehnologik desgalar girýär. Ýangyjyň ýanmagynyň netijesinde döreýän gazlar esasy gaz turbinany herekete getirýär, soňra bolsa galyndylary gaýtadan işleýän gazanda suwy buga öwürýär, ol bolsa bug turbinany hem-de onuň bilen bagly bolan toguň generatoryny herekete getirýär. Şeýlelik bilen, elektroenergiýanyň goşmaça möçberi öndürilýär.

2017-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Tokio şäherindäki «Kokugakuin” uniwersiteti bilen bilelikde, Aziada-2017 oýunlarynyň başlanmagyna 250 gün galmagy mynasybetli, agzalan okuw jaýynyň we Ýaponiýanyň beýleki uniwersitetleriniň talyplary we mugallymlary bilen giňeldilen duşuşyk görnüşindäki tanyşdyryş dabarasyny geçirdi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi G.Elýasow, bu okuw jaýynyň ýolbaşçylary, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ozalky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mitsuru Horiguçi dagylar çykyş etdiler. Olar oz çykyşlarynda Türkmenistan döwleti barada we Aziýa yklymynda uly ähmiýete eýe boljak Aziada-2017 oýunlara görülýän giň-gerimli taýýarlyk işleri barada gürrüň berdiler.

Tanyşdyrylyş çäresiniň öň ýanynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi G.Elýasow bu uniwersitetiň rektory jenap Masuhisa Akai bilen duşuşdy. Bu duşuşykda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!