09.08.2019 . Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalaryna we beýleki birnäçe meselelere garaldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Ol hasabat döwründe halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, esasy makroykdysady görkezijileriň seljermesiniň netijelerine laýyklykda jemi içerki önümiň ösüşi hasaba alyndy. Senagat pudagynda bu görkeziji 4,1 göterime, gurluşykda 0,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,9 göterime, söwdada 14,1 göterime, oba hojalygynda 4,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda bolsa 6,7 göterime barabar boldy.
Şu ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,8 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygy 19,1 göterim hem-de daşary söwda dolanyşygynda 0,2 göterim artdy.

08.08.2019. Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna ugrady, bu ýerde halkara derejeli häzirki zaman deňiz şypahanasy kemala geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
Az wagtdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugur aldy we ýolugra bu ajaýyp künjekde dynç almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde dynç alýanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň üsti dürli kysymly welosipedleri kärendesine bermek hyzmaty bilen ýetirildi. “Awazanyň” çäklerinde welosipedleri kärendesine bermek boýunça birnäçe beket döredildi, olaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy we bu ýerde gurnalan ýörite enjam gün batareýalaryndan alynýan energiýanyň hasabyna işleýär. Döwlet Baştutanymyz beketleri işletmegiň ulanylýan usulyny oňlap, beketleri ekologiýa talaplaryna doly kybap gelýän “Ekowelosiped bekedi” diýip atlandyrylsa maksada laýyk boljakdygyny belledi.

07.08.2019. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýylyň geçen ýedi aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de olaryň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzda durnuklylygy, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda harby düzümleriň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem garalýan döwürde MHM-iň alyp baran işleri barada habar berildi.

06.08.2019. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň raýatlarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasy bilen baglylykda giň möçberli we köpugurly özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler bolsa ähli pudaklarda we sebitlerde durnukly ösüşiň hem-de ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagynyň berk binýadyny döredýär.

Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürilmegine we hemmetaraplaýyn diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen esasy ugurlara laýyklykda ykdysadyýeti senagat-innowasion ösüş ýoluna geçirmek, şol sanda maýa goýum işjeňligini giňeltmegiň hasabyna ösdürmek amala aşyrylýar.

Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisi tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek milli Liderimiziň syýasatynyň esasy hem-de möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Geçen aýda, Nýu-Ýorkda, BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilen ýokary derejeli Syýasy forumda Türkmenistan dünýä bileleşigine DÖM-i ýerine ýetirmek boýunça ilkinji Meýletin milli syny hödürledi.

05.08.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, öňde boljak baýramçylyk senelerine we şanly wakalara görülýän taýýarlyk bilen bagly wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki meseleleri girizildi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen göni wideoaragatnaşyga Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowany çagyrdy. Parlamentiň ýolbaşçysy geçen 7 aýyň içinde ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça deputatlar düzümi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, degişli döwürde milli parlamentiň maslahatlarynyň ikisi geçirildi. Resminamalaryň 55-si, şol sanda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 31-si we Mejlisiň kararlarynyň 24-si kabul edildi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge, giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga, döwletde we jemgyýetde demokratik özgertmeleri geçirmäge ýardam etjek resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!