2019-njy ýylyň 11— 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreler guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi:

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze gatnaşyklaryň derejesine çykarmak üçin şertleri döredýän Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýanyň orny nygtaldy;

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň hem-de Ulag babatda hyzmatdaşlyk hakynda Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň kenarýaka döwletleriň ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam berýändigi ykrar edildi;

13.08.2019. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat ulgamyny we obasenagat toplumyny ösdürmek, hususy işewürligi döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldamak boýunça iri möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ulgamda düýpli özgertmeler bolup geçýär. Ýurdumyzyň harytlaryna içerki bazarda bolşy ýaly, daşary bazarlarda-da isleg artýar.
Bu bolsa, ozal habar berlişi ýaly, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň işiniň barşynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan guralan birža söwdalary aýdyň görkezdi. Umumy bahasy ABŞ-nyň 380 million 179 müň dollaryndan gowrak hem-de 96 müň 600 manatlyk örän köp sanly — 256 sany baglaşylan geleşikler birža söwdalarynyň netijeleri boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 43 million manatlyk geleşik baglaşdylar.
Söwdalarda nebit-gaz we himiýa senagatynyň kärhanalarynyň — Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, «Garabogazkarbamid» we «Marykarbamid» zawodlarynyň, «Hazar» himiýa zawodynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Balkanabatdaky hem-de Bereketdäki ýod zawodlarynyň önümleri öňdebaryjylar boldy. Şol önümler TS-1 kysymly awiasion kerosin, A-80 kysymly ulag benzini, dürli kysymly dizel ýangyjy, şol sanda EKO-5 kysymly gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy, şeýle hem «B» kysymly karbamid, tehniki ýod, nebit koksy ýaly önümlerdir.

12.08.2019. Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Köp öwüşginli döredijilik baýramy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Hazar deňziniň gününde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji çäresi boldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, foruma gatnaşan döwletleriň hökümet baştutanlary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar ajaýyp baýramçylygyň hormatly tomaşaçylary boldular.
Forumyň üstünlikli geçirilmegi, onuň çärelerine diňe bir Hazar sebitiniň ýurtlarynyň däl, eýsem, beýleki döwletleriň wekilleriniň hem gatnaşmagy parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde biziň döwletimiziň derejesiniň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan netijeli halkara syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegiň bähbidine ähli döwletler bilen gatnaşyklary giňeltmek ugrunda çykyş edýär, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň Hazar deňziniň gününde hem-de belent ahlak gymmatlyklaryny we ynsanperwerligi alamatlandyrýan mukaddes Gurban baýramy döwründe geçirilmegi bellärliklidir.

12.08.2019. Şu gün bu ýerde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Forumyň gün tertibi kenarýaka ýurtlaryň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen bagly möhüm meseleleriň giň toparyny öz içine aldy. Forumyň Türkmenistanda geçirilmegi ata Watanymyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň sebitde we dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Halkara bileleşiginiň bu şanly waka uly gyzyklanma bildirmegi hem onuň daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýändigine şaýatlyk edýär. Olaryň köpsanly wekilleri ýurdumyza geldiler.
Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gojaman Hazaryň köp ugurly kuwwatynyň amala aşyrylmagyna mynasyp goşandyny goşup, onuň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi diýen derejesini berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

MÄHRIBAN HALKYM!
EZIZ WATANDAŞLAR!

Sizi adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, dogruçyllygy, hoşniýetliligi we päkligi ündeýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Gurbanlyk Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň asyrlarboýy kämilleşdirip we nesilden-nesle geçirip gelen medeni-ruhy mirasyny, ahlak ýörelgelerini, ynsanperwerlik we dostluk hakyndaky dünýägaraýyşlaryny, däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny özünde jemleýän, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan ajaýyp baýramdyr. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan bu baýram bizi döredijilikli täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyryar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!