13.06.2019. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen, gije ýarymdan agansoň, degişli düzümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi.
Milli goşunymyzyň ähli şahsy düzümleri, söweşjeň uçarlary we dikuçarlar harby okuw-türgenleşik merkezlerine tarap ýörişi amala aşyrdylar.
Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinada kesgitlenen ileri tutulýan wezipelerden ugur almak bilen, edermen Watan goragçylary ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda sak durýarlar. Goşunlaryň ähli kysymlarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, harby-taktiki okuwlar yzygiderli geçirilýär. Bu okuwlar harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir.

12.06.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat geçirdi.
Şanly waka mynasybetli bu ýerde sergi ýaýbaňlandyrylyp, onuň düzümine milli Liderimiziň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy barada, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhyndaky täze eýýäm hem-de onuň häzirki zamandaky gazananlary barada gürrüň berýän eserleri girizildi. Diwarlyklarda ýurdumyzyň alymlarynyň dürli pudaklardaky işläp taýýarlamalary barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän serişdeler hem görkezildi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň, professorlarynyň, mugallymlarynyň gatnaşmagyndaky dabaraly maslahaty açyp, bu ýere ýygnananlary hem-de ýurdumyzyň ähli ylmy jemgyýetçiligini bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.

10.06.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşyna garaldy.
Milli Liderimiz ilki bilen, sanly wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, ony abadanlaşdyrmak, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň oňat şertleri döretmek we şäheriň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem iri desgalardaky gurluşyklaryň depgini, şolaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek hem-de Ylymlar gününe taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hem habar berildi.
Mundan başga-da, häkim Aşgabat şäheriniň çäklerinde täze şäheri gurmak boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, döwrebap, tehnologiýalar hem-de innowasiýalar esasynda bina ediljek şäheriň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ak mermerli Aşgabady maksada laýyk ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Şunda milli Liderimiz ekologiýa ýagdaýyna, arassaçylygyň we düzgün-tertibiň pugta berjaý edilmegine, köp babatda adamlaryň durmuşynyň hilini kesgitleýän şäher gurşawyny kämilleşdirmäge yzygiderli gözegçilik etmegiň wajypdygyny belledi.

08.06.2019. Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze Kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
«Haryt nyşanlary hakynda» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda» Kanunlaryň taslamalary parlamentarileriň garamagyna hödürlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzir milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, sebitleri depginli senagatlaşdyrmak, oba hojalygyny galkyndyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmek boýunça milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şonuň netijesinde Türkmenistanda çykarylýan önümleriň möçberleri artýar hem-de gerimi giňeýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi täze senagat we gaýtadan işleýän kärhanalaryň, şol sanda telekeçileriň giňden gatnaşmagynda şeýle kärhanalaryň gurulmagy daşary ýurtlardaky şonuň ýaly harytlara üstünlik bilen bäsdeşlik edip bilýän ýokary hilli harytlar bilen içerki bazary üpjün etmäge, şeýle hem olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

08.06.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Gazagystandan, Özbegistandan we Owganystandan gelen telekeçiler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 329 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Şotlandiýadan we Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 3 million 724 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar."

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!