Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura amala aşyran döwlet saparynyň üstünliklere beslenmegi türkmen-singapur gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda täze eýýamyň başlangyjyny alamatlandyrýandygyny aýdyp bolar. Saparyň dowamynda ýakyn onýyllyklar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň depginlerini kesgitleýän möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
Türkmen Lideriniň Singapuryň ýolbaşçylary bilen duşuşygyna heniz taýýarlyk görülýän döwürde, ol dünýäniň habarlar agentlikleriniň gyzyklanmasyna eýe boldy, olar öz sahypalarynda bu sapara bagyşlanan makalalara uly orun berdiler. Şeýlelikde, geçen iki günüň dowamynda — 26 — 27-nji awgust günleriniň wakalary halkara metbugatyň uly üns merkezinde boldy.
Ilkinji nobatda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda merkezi gazetler, beýleki metbugat we elektron neşirler, teleradioýaýlymlar hem-de hususy elektron neşirler hormatly Prezidentimiziň saparyny has işjeň beýan etdiler. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri daşary ýurduň saýtlary we portallary üçin ilkinji maglumat çeşmeleri bolup hyzmat etdiler, olaryň köpüsi Singapurda geçirilen gepleşikleri öz teswirlemeleri bilen baýlaşdyrdylar. Şeýle hem bu sapar Singapuryň gündelik metbugatynda öz beýanyny tapdy, munuň özi bu dostlukly ýurduň okyjylarynyň Türkmenistana, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan daşary we içeri syýasata uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

27.08.2019. Düýn Singapur Respublikasyna döwlet sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň Prezidenti Halima Ýakob hem-de ýurduň Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen gepleşikleri geçirdi.
Taraplaryň ikisi tarapyndan hem aýratyn ähmiýet berilýän bu taryhy sapar döwletara gatnaşyklaryň senenamasynda täze möhüm sahypalary ýazmaga, köp ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esasy döretmäge ýardam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri, şol sanda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Taraplaryň ägirt uly kuwwata eýedigini nazara almak bilen, deňhukuklylyk hem-de uzak möhletleýin esasda guralýan türkmen-singapur hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin oňaýly mümkinçilikler açylýar.

26.08.2019. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Singapur Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Singapuryň «Çangi» Halkara howa menziline geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni kaşaň «Shangri-La» myhmanhanasyna ugraýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutanynyň iki günlük saparynyň dowamynda bolmaly kabulhanasy ýerleşýär.
Ertir — 27-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halima Ýakobyň, şeýle hem premýer-ministr Li Sýan Lunyň arasynda gepleşikler geçiriler. Olaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

24.08.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we uçar kerosinini, Türkiýäniň işewür toparynyň wekilleri bolsa ownuk däneli hlorly kaliýni (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Birleşen Arap Emirlikleri, Gruziýa, Gyrgyzystan, Özbegistan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 6 million 196 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Kanadadan, BAE-den, Türkiýeden, Pakistandan, Gonkongdan gelen täjirler jemi bahasy 11 million 827 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi we matany satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

23.08.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde geçirilýän işler hem-de olaryň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamak boýunça görülýän çäreler hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň garamagyndaky desgalary hususylaşdyrmak boýunça teklipleri seljermegiň netijeleri barada habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň, sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegiň, bazar gatnaşyklaryny pugtalandyrmak arkaly maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmegiň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak we olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça işleriň dowam etdirilmegini işiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!