13.07.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 148-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Singapurdan, Owganystandan, Gruziýadan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, göni usulda arassalanylan benzini, uçar, tehniki we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Şeýle hem Şweýsariýadan we Singapurdan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni usulda arassalanan benzini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt we kükürtden arassalanylan dizel ýangyjy RF-niň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň, Wengriýanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Bulardan başga-da, Russiýa, BAE, Türkiýe Respublikasy, Şweýsariýa, Serbiýa, Estoniýa, Gonkong, Özbegistan döwletlerinden gelen telekeçilere daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, nah ýüplük, mebel pamygy, buýan köküniň ergini we pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 81 million 873 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan gelen işewürler bahasy 7 million 978 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 46 million 339 müň manatlykdan gowrak Gyýanlynyň polimer zawodynyň ýokary dykyzlykly polietileni hem-de pagta süýümini satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

12.07.2019. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döredijilikli daşary syýasy ugruny durmuşa geçirýär. Ata Watanymyz döwletara derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär.
Ministrler Kabinetiniň birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp, 5-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz dürli edaralaryň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň öňünde geljek döwür üçin anyk wezipeleri goýup, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça BMG, ÝHHG, ÝB, ŞHG, GDA we beýleki abraýly guramalar bilen özara gatnaşyklaryň işjeň häsiýetini belledi. Şolar energetika, suw, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekden, ulag düzümini kemala getirmekden, bilim hem-de medeniýet ulgamlaryny ösdürmekden, adam hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmekden, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen

Dünýädäki iň uly yklymiçi suw howdany bolan Hazar deňziniň huhuk derejesini resmileşdirmek prosesi 1996-njy ýylyň noýabrynyň başynda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygynda başlandy. Hazarýaka döwletler tarapyndan esasy resminamanyň - Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň işlenilip düzülmegi bilen ugurdaşlykda sebitara hyzmatdaşlygyň aýratyn alnan ugurlary boýunça hem resminamalaryň işlenilip düzülmegi dowam etdirildi. 2003-nji ýylyň noýabrynda gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa (Tähran konwensiýasy) - ilkinji bäştaraplaýyn resminama boldy.
Häzirki wagtda bu Konwensiýa boýunça Nebit dökülmlerine garşy göreşmek boýunça (Aktau teswirnamasy), Ýerasty çeşmelerden gelýän hapalanmalardan goramak boýunça (Moskwa teswirnamasy), biologiki köpdürliligiň goralyp saklanmagy boýunça (Aşgabat teswirnamasy) we transserhet mazmunynda daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek ýaly dört sany Teswirnamalar kabul edildi.
Tähran konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Bu gün - 12-nji awgust – sebitde Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär.
Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň Sammitleri alnyp barylýan gepleşikleriň prosesine uly itergi berdi.
Hazar sammitleriniň geçirilmegine Türkmenistanda - 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda Ilkinji Hazar sammitinde badalga berildi, onda kenarýaka döwletleriň Hazar deňziniň hukuk derejesiniň esasy meseleleri, deňizde howpsuzlyk we beýleki meseleler boýunça syýasy ylalaşyklaryň berkidilýän resminamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

09.07.2019. Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Türkmenistan gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdudyr. Häzirki döwürde topraga aýawly garamak däpleri täze many-mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça oba hojalygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler aýdyň netijesini berýär.

Daýhanlara ägirt uly ýeňillikler berilýär, pudagy täze tehnikalar bilen üpjün etmek işi giň gerimde alnyp barylýar, iň täze tehnologiýalar we ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar, şolar ata-babalarymyzyň ýerden rejeli peýdalanmak baradaky köp asyrlyk tejribesi bilen bilelikde oba hojalygyny çalt depginler bilen ösdürmegiň ygtybarly binýadyna öwrülýär.

08.07.2019. Şu gün Mejlisde Italiýa Respublikasynyň parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Myhmanlar Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan okgunly ösüşine has uly itergi berýän, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň düzümi hem-de işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Halkara hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmak boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri bellenildi, munuň özi häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözgüdini tapmak boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna ýardam berýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!