24.06.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly, obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy we möwsümleýin meýdan işleriniň barşy baradaky meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda dowam edýän galla oragynyň depgini, ýola goýlan agrotehniki kadalara laýyklykda, gowaça ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ilkinji nobatdaky möhüm wezipäniň galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz tamamlamakdan, kärendeçileriň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen hasylyň kabul ediş bölümlerine ýitgisiz daşalmagyny hem-de zaýasyz saklanylmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny belledi.

23.06.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde bu sebitiň Baştutany Rustam Minnihanow bilen gepleşlikleri geçirdi hem-de «Sabantuý» milli baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşdy.
Milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň iri sebitine bu sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň senenamasynda ýene-de bir aýdyň sahypa bolar. Bu sebit bilen Türkmenistanyň netijeli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň ýolbaşçylarynyň özara erki esasynda ösdürilýän işjeň we netijeli gatnaşyklar, umuman, birnäçe möhüm bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen berkidilýän türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyna itergi berýär.
Hökümetleriň derejesindäki yzygiderli duşuşyklar Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň berk we ynamly ykdysady gatnaşyklaryň esasyny düzdi. Bu gün ýurdumyzyň dünýäde awtomobil gurluşygy ulgamynda öňdebaryjylaryň biri hökmünde ykrar edilen Russiýanyň «KAMAZ» kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmagyň aýdyň nusgasy bolup durýar.

22.06.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 87-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Singapurdan, Gonkongdan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, nebit koksuny, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakkum gazoýlyny satyn aldylar.

21.06.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz irden «Oguzhan» köşkler toplumyndan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedde ugrady. Bu ýerde milli Liderimiziň ýanynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew boldy.
Şäher häkimi döwlet Baştutanymyzyň 20-nji iýunda Aşgabat şäher häkimligine baran mahaly beren tabşyryklarynyň hem-de paýtagtymyzy ösdürmek, onuň demirgazyk böleginde iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy, şol sanda inženerçilik-tehniki üpjünçiligi bilen bagly beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýolugra häkime Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlikde bolan duşuşykda beýan edilen başlangyçlaryň ähmiýeti barada aýdyp, şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, paýtagtymyzyň döwrebap durmuş düzümini mundan beýläk-de kemala getirmek, dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde onuň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin degişli düzümleriň ählisiniň sazlaşykly işiniň zerurdygyny belledi. Şeýle hem Aşgabadyň ekologiýa abadançylygynyň ýokary derejesini üpjün etmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

20.06.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimligine baryp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri möçberli toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de öňümizdäki halkara ähmiýetli wakalara, şol sanda ýurdumyzda iri senagat toplumynyň açylyşy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz iri we ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň diňe bir başyny başlaman, eýsem, olary durmuşa geçirmegiň — binagärlik pikiriň bezelişinden, geljekki desganyň inženerçilik-tehniki taýdan üpjünçiliginden başlap, ulanylmaga berilmegine çenli ähli tapgyrlaryny hemişe öz gözegçiliginde saklaýar.
Milli Liderimiz paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça her gezekki iş sapary mahalynda esasy gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işler bilen giňişleýin tanyşýar. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz hiç bir zady ünsden düşürmän, gurluşyk işleriniň ähli inçe taraplaryna berk üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň desgalaryň aýratynlygyna, ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna, daşky bezegine degişli oýlanyşykly teklipleri taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar üçin ugur görkeziji çelgä öwrülýär.
Paýtagtymyzy ösdürmekde, dünýä belentliklerine çykan ýurdumyzyň şähergurluşygynda milli Liderimiziň bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlaryny, ägirt uly goşandyny ykrar edip, 2013-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň çözgüdi bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly at berildi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!