MÄHRIBAN HALKYM!
EZIZ WATANDAŞLAR!

Sizi tomus paslynyň ajaýyp günlerinde halkara derejesinde bütin dünýäde, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde giňden bellenýän Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan sene hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen bu halkara baýramy mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, köpçülikleýin sport çäreleriniň mähriban halkymyzyň kalbynda eziz Watanymyza bolan beýik söýgini has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Bütindünýä welosiped güni parahatçylyk we dostluk, sagdynlyk we ruhubelentlik taglymatlarynyň ähmiýetini has-da artdyrýan halkara baýramdyr. Bu baýram parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmek boýunça netijeli hem-de döredijilikli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ony ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bu halkara baýram eziz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan, jebisligimizi we agzybirligimizi has-da rowaçlandyrýan şanly wakalar bilen utgaşyp, aýratyn ruhubelentlige beslenýär.

01.06.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan,Germaniýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Estoniýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçarkerosinini, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinden gelen täjirler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň M-100 kysymly mazudyny, Russiýa Federasiýasynyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynyň önümi bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, portlandsement, nah ýüplük, pagta ýüplüginiň arassalanan galyndylary ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar: ABŞ, BAE, Türkiýe, Özbegistan, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 35 million 577 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Şotlandiýadan gelen telekeçiler 2 million 720 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri 2 million 815 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini, süýmlük übtügi we pagta lintini satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Bu mejlise gatnaşmak maksady bilen GDA-nyň gatnaşyjy-döwletlerinden köpsanly ýokary derejeli wekiliýetler Türkmenistana geldiler.
Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Mamedow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýer-ministri Ž.Razakow, Moldowa Respublikasynyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.Soroçan, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary D.Said, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew dagylar bardyr.

29.05.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.
Ir bilen milli Liderimiz welosipedde «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, ýurdumyzyň Hökümet binasyna geldi. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitleriniň hem-de Aşgabadyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde ilat sagdyn durmuş ýörelgesine giňden çekilip, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda sportuň ekologiýa taýdan arassa hasaplanýan welosiped sportunyň ösdürilmegine, Türkmenistanda welosipediň dürli görnüşleri bilen üpjünçilik meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

28.05.2019. 10-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda” Karara gol çekip, hökümet agzalaryna Döwlet býujetiniň maddalarynyň üstünde dykgatly işläp, ýaşaýyş-durmuş ugruna, zähmet haklarynyň möçberini köpeltmäge hem-de bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmek üçin çykdajylary artdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.
Ýakynda, 27-nji maýda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, birnäçe pudagara toparlaryň düzümini tassyklady. Laryň işi ilatyň saglygy bilen baglanyşykly meselelerdir. Şeýlelikde, ýurdumyzda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümini tassyklady.
Şeýlelikde, “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, saglygy goraýyş ulgamyny halkara kadalara laýyklykda has-da ösdürmek, bitewi öňüni alyş ulgamyny döretmek, saglygy goraýşy dolandyrmagy kämilleşdirmek, raýatlaryň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak boýunça zerur çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de saglygy goraýyş babatda köpulgamlaýyn pudagara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!