Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda 10-11-nji oktýabrda GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýygnagy geçiriler.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda Duşanbe şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisinde 2019-njy ýylda GDA-nyň başlyklygyny Türkmenistanyň kabul etjekdigi mälim edilipdi. Şol ýygnakda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisiniň senesi hem kesgitlenipdi.
GDA-nyň bu netijesinden soňra 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 6-syna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň GDA-nyň başlyklygyny kabul etmegine bagyşlanyp ýanwar aýynyň 29-na Arkalaşygyň Minsk şäherinde ýerleşýän ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda sergi açyldy. Serginiň açylyşyna Türkmenistanyň Belarusdaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew gatnaşdy. Şol gün Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde GDA agza ýurtlaryň wekilleriniň mejlisi geçirildi.

Şu ýylyň geçen dokuz aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% möçberinden ybarat boldy. Ministrlikler we pudak edaralary boýunça görkezijileriň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, ýanwar-sentýabr aýlarynda, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim ýokarlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer G.Myradow bu barada öz hasabatynda beýan etdi.
Dokuz aýyň netijeleri boýunça ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem ösüş gazanyldy. Jemi öndürilen önümiň düzüminde onuň paýy 65,7 göterime ýetdi. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,1 göterim artdy.

2019-njy ýylyň 7-10-njy oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan we Ýelabuga şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de biziň ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.
Dabaralara Türkmenistanyň köpsanly medeniýet we sungat ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşarlar.
Döredijilik çäresiniň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen birlikde biziň ýurdumyzyň amaly-haşam sungat eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň geçirilmegi hem göz öňünde tutulandyr.

www.mfa.gov.tm/tk

06.10.2019. Şu gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň heläkçilikli Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär.

Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

... Hakyda milletimiziň ýaşaýyşynyň aýrylmaz ruhy bölegidir. Ol nesilleri birikdirýän berk ýörelge bolmak bilen diňe bir gözbaşlarymyzy we däp-dessurlarymyzy gorap saklamak däl, eýsem, taryhy tejribäniň esasynda milletiň täze ykbalyny, ýagty geljegini gurmaga mümkinçilik berýär. Hatyra güni milleti birleşdirýär we jebisleşdirýär.

Türkmen halkymyz häzirki wagtda hem nesillerden-nesillere geçirilýän ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarlydyr.

05.10.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagysatyn aldylar. Şeýle hem Owganystanyň işewür toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Russiýadan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynyň önümi bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, nah ýüplük, kosmetiki serişdeler ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa Federasiýasy, BAE, Özbegistan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 57 million 626 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Kanadadan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler jemi bahasy 4 million 888 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 4 million185 müň manatlyk polipropilen plýonkasyny (TNGIZT) hem-de ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!