12.08.2019. Şu gün bu ýerde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Forumyň gün tertibi kenarýaka ýurtlaryň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen bagly möhüm meseleleriň giň toparyny öz içine aldy. Forumyň Türkmenistanda geçirilmegi ata Watanymyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň sebitde we dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Halkara bileleşiginiň bu şanly waka uly gyzyklanma bildirmegi hem onuň daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýändigine şaýatlyk edýär. Olaryň köpsanly wekilleri ýurdumyza geldiler.
Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gojaman Hazaryň köp ugurly kuwwatynyň amala aşyrylmagyna mynasyp goşandyny goşup, onuň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi diýen derejesini berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

MÄHRIBAN HALKYM!
EZIZ WATANDAŞLAR!

Sizi adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, dogruçyllygy, hoşniýetliligi we päkligi ündeýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Gurbanlyk Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň asyrlarboýy kämilleşdirip we nesilden-nesle geçirip gelen medeni-ruhy mirasyny, ahlak ýörelgelerini, ynsanperwerlik we dostluk hakyndaky dünýägaraýyşlaryny, däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny özünde jemleýän, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan ajaýyp baýramdyr. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan bu baýram bizi döredijilikli täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyryar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar.

09.08.2019 . Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalaryna we beýleki birnäçe meselelere garaldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Ol hasabat döwründe halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, esasy makroykdysady görkezijileriň seljermesiniň netijelerine laýyklykda jemi içerki önümiň ösüşi hasaba alyndy. Senagat pudagynda bu görkeziji 4,1 göterime, gurluşykda 0,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,9 göterime, söwdada 14,1 göterime, oba hojalygynda 4,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda bolsa 6,7 göterime barabar boldy.
Şu ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,8 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygy 19,1 göterim hem-de daşary söwda dolanyşygynda 0,2 göterim artdy.

08.08.2019. Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna ugrady, bu ýerde halkara derejeli häzirki zaman deňiz şypahanasy kemala geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
Az wagtdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.
Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugur aldy we ýolugra bu ajaýyp künjekde dynç almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde dynç alýanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň üsti dürli kysymly welosipedleri kärendesine bermek hyzmaty bilen ýetirildi. “Awazanyň” çäklerinde welosipedleri kärendesine bermek boýunça birnäçe beket döredildi, olaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy we bu ýerde gurnalan ýörite enjam gün batareýalaryndan alynýan energiýanyň hasabyna işleýär. Döwlet Baştutanymyz beketleri işletmegiň ulanylýan usulyny oňlap, beketleri ekologiýa talaplaryna doly kybap gelýän “Ekowelosiped bekedi” diýip atlandyrylsa maksada laýyk boljakdygyny belledi.

07.08.2019. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýylyň geçen ýedi aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de olaryň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzda durnuklylygy, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda harby düzümleriň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem garalýan döwürde MHM-iň alyp baran işleri barada habar berildi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!