20.06.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimligine baryp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri möçberli toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de öňümizdäki halkara ähmiýetli wakalara, şol sanda ýurdumyzda iri senagat toplumynyň açylyşy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz iri we ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň diňe bir başyny başlaman, eýsem, olary durmuşa geçirmegiň — binagärlik pikiriň bezelişinden, geljekki desganyň inženerçilik-tehniki taýdan üpjünçiliginden başlap, ulanylmaga berilmegine çenli ähli tapgyrlaryny hemişe öz gözegçiliginde saklaýar.
Milli Liderimiz paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça her gezekki iş sapary mahalynda esasy gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işler bilen giňişleýin tanyşýar. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz hiç bir zady ünsden düşürmän, gurluşyk işleriniň ähli inçe taraplaryna berk üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň desgalaryň aýratynlygyna, ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna, daşky bezegine degişli oýlanyşykly teklipleri taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar üçin ugur görkeziji çelgä öwrülýär.
Paýtagtymyzy ösdürmekde, dünýä belentliklerine çykan ýurdumyzyň şähergurluşygynda milli Liderimiziň bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlaryny, ägirt uly goşandyny ykrar edip, 2013-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň çözgüdi bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly at berildi.

19.06.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe wagtdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we Balkan welaýatynyň häkimi garşyladylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna tarap ugrady.
Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky bu deňiz şypahanasy öz çäklerini ýyl-ýyldan giňeldip, ýurdumyzda örän uly meşhurlykdan peýdalanýar hem-de daşary ýurtlarda hem barha artýan gyzyklanmany döredip, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan öz mazmuny we göz öňünde tutýan maksady boýunça bu ägirt uly taslamanyň gürrüňsiz suratda gelejeginiň uludygyny we üstünlikleriň yzygiderli artýandygyny tassyklaýar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň amatly howa şertleri we baý dikeldiş mümkinçilikleri, innowasiýa, öňdebaryjy binagärlige we inžener-tehniki pikirlere tarap alnan ugur, hyzmatyň ýokary derejesi türkmen topragynyň hakykatdan-da bu behişdi künjeginiň halkara syýahatçylygynyň şypahana-dynç alşyň hem-de sportuň ykrar edilen merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.

17.06.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine, ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşyna garaldy, şeýle hem guramaçylyk meselesine degişli çözgütler kabul edildi.
Milli Liderimiz ilki bilen wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde galla oragynyň barşy we gowaça ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi Ministrler Kabinetiniň oba hojalyk pudaklary bölüminiň müdiri wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, täze bellenen ýolbaşça ýurdumyzyň oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri üstünlikli dowam etmegi, pudagyň suw bilen üpjünçilik meselelerini, şeýle hem oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, tohumçylyk, ýer kadastryny taýýarlamak işlerini oňyn çözmegi tabşyrdy.
Ş.Amangeldiýew özüne bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, täze jogapkärli wezipede öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

15.06.2019. На минувшей неделе на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана зарегистрировано 66 сделок.

За иностранную валюту предприниматели из США, Сингапура, ОАЭ, Швейцарии, Афганистана закупили автобензин, дизельное топливо, полипропилен, топочный мазут, произведённые на Туркменбашинском комплексе нефтеперерабатывающих заводов. Техническая сера (ГК «Туркменгаз»), полиэтилен высокой плотности и полипропилен (завод полимеров в Киянлы), карбамид и технический углерод (ГК «Туркменхимия»), а также пластиковая тара стали предметами сделок бизнесменов из России, Великобритании, ОАЭ, Турции, Узбекистана, Украины, Афганистана и др.

Помимо этого, за иностранную валюту были реализованы бесцветное листовое стекло, хлопчатобумажная пряжа, сухой экстракт и высушенные корни и корневища солодки. Страны-покупатели: Россия, США, ОАЭ, Турция, Азер-байджан, Узбекистан, Кыргызстан, Афганистан. Общая сумма сделок превысила 132 миллиона 755 тысяч долларов США.

За манатные средства бизнесмены из России, Великобритании, ОАЭ, Турции закупили хлопчатобумажную пряжу и ткань на общую сумму более 4 миллионов 173 тысяч манатов.

Государственное информационное агентство Туркменистана

15.06.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasynaABŞ-dan, Singapurdan, BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçilerTürkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini,dizel ýangyjyny, polipropileni, ýangyç mazudy,şeýle hem Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan bolan täjirler tehniki kükürdi, (“Türkmengaz” DK), ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni (Gyýanlynyň polimer zawody), karbamidi we tehniki uglerody,plastik gaby (“Türkmenhimiýa” DK)satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna awtoulag, reňksiz list aýna, nah ýüplük,buýan köki we onuň guradylan görnüşi ýerlenildi.Satyn alan ýurtlara Russiýa, ABŞ, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan degişlidir.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 132 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 4 million 173 müň manatlykdan gowrak bolannah ýüplügi hem matanysatyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!