23.06.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde bu sebitiň Baştutany Rustam Minnihanow bilen gepleşlikleri geçirdi hem-de «Sabantuý» milli baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşdy.
Milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň iri sebitine bu sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň senenamasynda ýene-de bir aýdyň sahypa bolar. Bu sebit bilen Türkmenistanyň netijeli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň ýolbaşçylarynyň özara erki esasynda ösdürilýän işjeň we netijeli gatnaşyklar, umuman, birnäçe möhüm bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen berkidilýän türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyna itergi berýär.
Hökümetleriň derejesindäki yzygiderli duşuşyklar Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň berk we ynamly ykdysady gatnaşyklaryň esasyny düzdi. Bu gün ýurdumyzyň dünýäde awtomobil gurluşygy ulgamynda öňdebaryjylaryň biri hökmünde ykrar edilen Russiýanyň «KAMAZ» kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmagyň aýdyň nusgasy bolup durýar.

22.06.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 87-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Singapurdan, Gonkongdan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, nebit koksuny, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, Şweýsariýadan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakkum gazoýlyny satyn aldylar.

21.06.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz irden «Oguzhan» köşkler toplumyndan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedde ugrady. Bu ýerde milli Liderimiziň ýanynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew boldy.
Şäher häkimi döwlet Baştutanymyzyň 20-nji iýunda Aşgabat şäher häkimligine baran mahaly beren tabşyryklarynyň hem-de paýtagtymyzy ösdürmek, onuň demirgazyk böleginde iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy, şol sanda inženerçilik-tehniki üpjünçiligi bilen bagly beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýolugra häkime Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlikde bolan duşuşykda beýan edilen başlangyçlaryň ähmiýeti barada aýdyp, şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, paýtagtymyzyň döwrebap durmuş düzümini mundan beýläk-de kemala getirmek, dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde onuň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin degişli düzümleriň ählisiniň sazlaşykly işiniň zerurdygyny belledi. Şeýle hem Aşgabadyň ekologiýa abadançylygynyň ýokary derejesini üpjün etmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

20.06.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimligine baryp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri möçberli toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de öňümizdäki halkara ähmiýetli wakalara, şol sanda ýurdumyzda iri senagat toplumynyň açylyşy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz iri we ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň diňe bir başyny başlaman, eýsem, olary durmuşa geçirmegiň — binagärlik pikiriň bezelişinden, geljekki desganyň inženerçilik-tehniki taýdan üpjünçiliginden başlap, ulanylmaga berilmegine çenli ähli tapgyrlaryny hemişe öz gözegçiliginde saklaýar.
Milli Liderimiz paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça her gezekki iş sapary mahalynda esasy gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işler bilen giňişleýin tanyşýar. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz hiç bir zady ünsden düşürmän, gurluşyk işleriniň ähli inçe taraplaryna berk üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň desgalaryň aýratynlygyna, ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna, daşky bezegine degişli oýlanyşykly teklipleri taslama düzüjiler, binagärler, gurluşykçylar üçin ugur görkeziji çelgä öwrülýär.
Paýtagtymyzy ösdürmekde, dünýä belentliklerine çykan ýurdumyzyň şähergurluşygynda milli Liderimiziň bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlaryny, ägirt uly goşandyny ykrar edip, 2013-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň çözgüdi bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly at berildi.

19.06.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe wagtdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we Balkan welaýatynyň häkimi garşyladylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna tarap ugrady.
Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenaryndaky bu deňiz şypahanasy öz çäklerini ýyl-ýyldan giňeldip, ýurdumyzda örän uly meşhurlykdan peýdalanýar hem-de daşary ýurtlarda hem barha artýan gyzyklanmany döredip, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan öz mazmuny we göz öňünde tutýan maksady boýunça bu ägirt uly taslamanyň gürrüňsiz suratda gelejeginiň uludygyny we üstünlikleriň yzygiderli artýandygyny tassyklaýar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň amatly howa şertleri we baý dikeldiş mümkinçilikleri, innowasiýa, öňdebaryjy binagärlige we inžener-tehniki pikirlere tarap alnan ugur, hyzmatyň ýokary derejesi türkmen topragynyň hakykatdan-da bu behişdi künjeginiň halkara syýahatçylygynyň şypahana-dynç alşyň hem-de sportuň ykrar edilen merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!