Giriş
Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gurama halkara parahatçylygy, howpsuzlygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, ähli döwletleriň hem-de halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek meseleleri boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň mandatyna eýe bolan ýeke-täk halkara düzüm hökmünde garaýar.
Şunuň bilen baglylykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan bu gurama gatnaşyjy beýleki ýurtlar bilen bilelikde BMG-niň halkara işlerdäki öňdäki we utgaşdyryjy ornunyň berkidilmegine gönükdirilen anyk çözgütleriň birnäçesini kabul eder.
Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynyň kadalaryndan we ýörelgelerinden, gurama tarapyndan kabul edilen esas goýujy Konwensiýalardan hem-de beýleki halkara resminamalardan ugur alar, BMG tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýagdaýyna esaslanar, halkara meseleleriň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözülmegi ugrunda çykyş eder.

30.08.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Ol milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini ýokarlandyrmak, gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça konsepsiýany durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.
Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlaryň esasy maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura amala aşyran döwlet saparynyň üstünliklere beslenmegi türkmen-singapur gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda täze eýýamyň başlangyjyny alamatlandyrýandygyny aýdyp bolar. Saparyň dowamynda ýakyn onýyllyklar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň depginlerini kesgitleýän möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
Türkmen Lideriniň Singapuryň ýolbaşçylary bilen duşuşygyna heniz taýýarlyk görülýän döwürde, ol dünýäniň habarlar agentlikleriniň gyzyklanmasyna eýe boldy, olar öz sahypalarynda bu sapara bagyşlanan makalalara uly orun berdiler. Şeýlelikde, geçen iki günüň dowamynda — 26 — 27-nji awgust günleriniň wakalary halkara metbugatyň uly üns merkezinde boldy.
Ilkinji nobatda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda merkezi gazetler, beýleki metbugat we elektron neşirler, teleradioýaýlymlar hem-de hususy elektron neşirler hormatly Prezidentimiziň saparyny has işjeň beýan etdiler. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri daşary ýurduň saýtlary we portallary üçin ilkinji maglumat çeşmeleri bolup hyzmat etdiler, olaryň köpüsi Singapurda geçirilen gepleşikleri öz teswirlemeleri bilen baýlaşdyrdylar. Şeýle hem bu sapar Singapuryň gündelik metbugatynda öz beýanyny tapdy, munuň özi bu dostlukly ýurduň okyjylarynyň Türkmenistana, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan daşary we içeri syýasata uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

27.08.2019. Düýn Singapur Respublikasyna döwlet sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň Prezidenti Halima Ýakob hem-de ýurduň Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen gepleşikleri geçirdi.
Taraplaryň ikisi tarapyndan hem aýratyn ähmiýet berilýän bu taryhy sapar döwletara gatnaşyklaryň senenamasynda täze möhüm sahypalary ýazmaga, köp ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esasy döretmäge ýardam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri, şol sanda Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Taraplaryň ägirt uly kuwwata eýedigini nazara almak bilen, deňhukuklylyk hem-de uzak möhletleýin esasda guralýan türkmen-singapur hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin oňaýly mümkinçilikler açylýar.

26.08.2019. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Singapur Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Singapuryň «Çangi» Halkara howa menziline geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni kaşaň «Shangri-La» myhmanhanasyna ugraýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutanynyň iki günlük saparynyň dowamynda bolmaly kabulhanasy ýerleşýär.
Ertir — 27-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halima Ýakobyň, şeýle hem premýer-ministr Li Sýan Lunyň arasynda gepleşikler geçiriler. Olaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!