2017-nji ýylyň aprel aýynyň başynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «GEO Traveller» halkara žurnalynyň ýörite neşiri çap çykdy.

Žurnalyň birinji sahypalary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli dabaraly çärede sözlän sözi bilen başlanýar.

Şeýle-de žurnalda, şu ýyl Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň  ýola goýmagyna 25 ýyl dolýandygy mynasybetli hem-de türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda okgunly ösüşi barada giňişleýin makala ýerleşdirilipdir.

Şol bir wagtda «GEO Traveller» žurnalynda, Türkmenistanda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça milli we halkara derejesinde alnyp barylýan işler, ýangyç energetikasyny ygtybarly peýdalanmak boýunça soraglar şeýle-hem ulag-üstaşyr geçelgeleriniň halkara hyzmatdaşlygynda we durnukly ösüşde eýeleýän orny barada gürrüň berilýär.

10.04.2017. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million 295 müň dollaryna deň boldy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň täjirleri göni arassalanan benzini, awtobenzini, dizel ýangyjyny (SNGIZ) satyn aldylar.

Tehniki ýod (“Türkmenhimiýa” DK) BAE-den gelen işewür toparyň wekilleriniň söwdasy boldy. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna portlandsement, nebit soryjy enjam, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Türkiýe, Belarus, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million 295 müň dollaryna golaý boldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler jemi bahasy 384 müň manatlyk gurluşyk enjamlaryny we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

www.tdh.gov.tm

08.04.2017. Soňky ýyllarda ahalteke bedewleriniň tohumyna bütin dünýäde gyzyklanma has artdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we şahsy howandarlygynda Türkmenistanda milli atşynaslyk ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, seçgi-tohumçylyk işini geçirmek arkaly ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny saklamak we gowulandyrmak, olaryň genofonduny gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işleriň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Naser bin Al Taniden gelip gowşan hat hem ahalteke bedewlerine dürli ýurtlarda gyzyklanmanyň barha artýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. Ol milli Liderimizi ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady. Gutlagda şeýle diýilýär:

“Siziň Alyhezretiňiziň türkmen bedewlerine berýän netijeli ünsüňiz, arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürmek we saklamak boýunça edýän ägirt uly tagallalaryňyz türkmen bedewlerine bildirýän söýgiňizde äşgär duýulýar.

07.04.2017. “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongresde hormatly Prezidentimize “Ýylyň adamy” hormatly derejesini bermek hakyndaky diplomy gowşurmak dabarasy boldy. Ony döwlet Baştutanymyza Aziýanyň küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Şeýh Sultan Halifa Sultan Şahbut Al-Nahaýan dabaraly gowşurdy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň wekillerini, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň, halkara sport federasiýalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylaryny, hormatly myhmanlary bir ýere jemlän wekilçilikli forum Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyldy.

Kongresde Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ýurdumyzyň sport ulgamy we döwletara gatnaşyklary üçin, durmuş we ykdysady pudaklaryň toplumyndan sebit dünýä möçberinde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik strategiýasynyň ýerine ýetirilişine çenli ähmiýetine garalar.

www.tdh.gov.tm

07.04.2017. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sport hereketini we bu ulgamda hymatdaşlygy ösdürmäge goşan ajaýyp goşandy üçin karate-do-nyň 10-njy danyna mynasyp boldy.

Halkara Meýbukan Godzu-Rýu Karate-do Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Ýagi Meýtats “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara sport kongresinde bu hormatly sylagy gowşuryp,
ýygnananlaryň adyndan hem-de hut öz adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa forumyň netijeli işlemegi babata döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sylagy Türkmenistanyň sport we bedenterbiýäni ösdürmekde hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň halkara sport hereketinde eýeleýän işjeň ornunyň, onuň Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerine, halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak işinde sportuň ornuny ýokarlandyrmak ýörelgesine berk ygrarlylygynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!