26.04.2017. Türkmen bedewiniň baýramy mynasybteli çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta çäklerindäki dag jülgesinden geçýän Köpetdag şaýolunyň ugrunda däp bolan uzak aralyga atly –marafon ýaryşlar geçirildi. Ýaryşlary“Türkmen atlary” döwlet birleşigi, Sport baradaky döwlet komiteti we Milli atly sport merkezi bilelikde guradylar.
Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, ýaryşyň baş emini, Kanadadan atşynas, biziň ýurdumyzyň dosty Tito Nils Pontekorwo marafona gatnaşýan 28 bedewe atlanan türgen – çapyksuwarlary meýdança çagyrdy we ýaryşlara badalga berdi.
Marafon çapyşygynyň umumy uzynlygy 60 kilometr bolup, ol hersiniň uzynlygy 30 kilometr bolan iki tapgyrda geçirildi. Bu gezekki ýaryşlara Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, Milli atly sport merkeziniň, Balkan, Mary, Daşoguz atçylyk sport toplumlarynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Serhet gullugynyň we hususy hojalyklara degişli bedewler gatnaşdylar.
Bedewler howa şertleriniň oňaýly däldigine—güýçli ýagýan ýagyşa garamazdan marafonyň ilkinji tapgyryny üstünlikli geçmegi başardylar.

24.04.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we syýahatçylyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary we sebitlerde halkymyzyň abadan durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine garaldy.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek we şanly seneleri, ilkinji nobatda bolsa aprel aýynyň ahyrynda bellenilýan Türkmen bedewiniň baýramyny dabaralandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurdumyzyň baş şäherini döwrüň talabyna laýyk derejede abadanlaşdyrmak we ilatyň ýaşaýyş- durmuş derejesini kämilleşdirmek boýunça alnyn barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle hem häkim Aşgabat şäherinde Türkmen bedewiniň baýramyny mynasyp derejede garşylamak, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, olaryň taýýarlyk derejesi hakynda habar berdi.

24.04.2017. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Panamadan we Täjigistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyk kerosini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagyny, polipropileni, az kükürtli ýangyç mazudy satyn aldylar.

Daşary ýurt walýutasyna reňklenen tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Belizden, Ukrainadan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 83 million 475 müň dollaryna golaý boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri jemi bahasy 1 million 997 müň manatdan gowrak ýük awtoulagyny, azyklyk bugdaýy we pagta süýümini satyn aldylar.

www.tdh.gov.tm

21.04.2017. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer hasabatynyň başynda BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Baş edarasyndan gelip gowşan hoş habar hakynda aýtdy. Bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) 19-njy aprelde geçirilen mejlisinde Türkmenistan 2018-2020-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, bu wakalaryň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda Bitarap Türkmenistan tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan uly möçberli işleriň we umuman, milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydygy nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz saglyk, bilim we ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, çaganyň hukuklaryny goramak, gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň BMG-niň düzüm birliklerine saýlanylmagy doly kanunalaýyk ýagdaý bolup, Watanymyzyň dünýä derejesinde belent abraýyna şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň sekiz komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar. Şolaryň çäklerinde ýurdumyz halkara işlerini amala aşyrýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyz bäş gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy.

20.04.2017. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynyň birnäçesindäki işleriň ýagdaýy hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde kemala gelen täze ýaşaýyş toplumlaryny synlap, şäher ilatynyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolmalydygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy binagärlik hem-de inžener-tehniki pikirleriň iş ýüzünde peýdalanylmalydygyny belläp, her bir desganyň meýilleşdirilmegi onuň niýetlenilen maksadyna doly laýyk gelmelidigini aýtdy. Şunda gurluşyk işleriniň binany gurmak üçin bölünip berlen belli bir künjegiň tebigy aýratynlyklary göz öňünde tutulyp alnyp barylmalydygyny, oňa ylmy esasda örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň eteginde nusgalyk obalaryň döredilmegi, olaryň bagy-bossanlyga bürelmegi, bu gurşawda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi howanyň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirjekdigini aýtdy. Bu ugurda alnyp barylýan işler, bag nahallarynyň köpçülikleýin oturdylmagy, seýilgähleriň emele gelmegi şäher ilatynyň durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagynyň möhüm şertini emele getirýär.
Milli Liderimiziň Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde gurulýan täze desgalary synlady.
Şäheriň şu böleginde häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän iri ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň buýurmalary esasynda durmuş maksatly desgalar bina edilýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!