05.03.2017. Şu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 64-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini, nebit koksuny satyn aldylar.
Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna azyklyk bugdaý, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük, garaköli goýnunyň ýüňi ýerlenildi. Olary Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 765 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Niderlandlaryň we Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 90 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri jemi bahasy 3 million 567 müň manatdan gowrak polipropileni, “Türkmenaglomeradyň” kondisiýasyz polipropilenini, polimer külkesini (TNGIZT) satyn aldylar.

www.tdh.gov.tm

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talaba laýyk ideg etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, ýurdumyzda 2017-nji ýylyň 18-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmegi tabşyrdy.

Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bag ekmek boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

2017-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça agaç nahallarynyň 3 millionyny, şol sanda miweli baglary ekmek göz öňünde tutulýar.

www.tdh.gov.tm

03.03.2017. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlise harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň käbiriniň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, 2017-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda görülýän çäreleriň netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigini hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyny belledi.
Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,6 göterim, gurluşykda 4,6 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 11,4 göterim, söwdada 11 göterim, oba hojalygynda 3,2 göterim we hyzmatlar ulgamynda 10,8 göterim ýokarlandy.
Ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça hasabat maglumatlaryna laýyklykda, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 3,2 göterim artdy.
Iki aýyň jemleri boýunça 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bölek satuw haryt dolanyşygy 17,1 göterim artdy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 9,6 göterim ýokarlandy.
Wise-premýer Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, onuň girdeji böleginiň 2,8 milliard manada we çykdajy böleginiň 2,7 milliard manada deň bolandygyny aýtdy. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirilýär.

02.03.2017. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.
Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň şü döwürde ýerine ýetirilen işler hem-de ýolbaşçylyk edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işini netijeli guramak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek we ýurdumyzda parahatçylygy hem-de howpsuzlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlaryny diňledi.
Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna milli goşunymyzy pugtalandyrmaga, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga hem-de harby gullukçylaryň gulluk etmegi we ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň goragynda durýan ähli harby we hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly işini üpjün etmek hem-de türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan we diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň düzgünlerine berk eýermek maksadynda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmalydygyny belledi.

01.03.2017. Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ХIII Sammiti geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki Sammitde çykyş etmek bilen, 20 ýyldan gowrak mundan ozal, has takygy, 1995-nji ýylyň 15-nji martynda hut şu ýerde, Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň döwlet we Hökümet baştutanlarynyň 3-nji duşuşygy geçirildi diýip belledi. Bu duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistana bitaraplyk hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyjy goldamak boýunça Yslamabat Jarnamasynyň kabul edilendigini bellemek meniň üçin aýratyn ýakymlydyr. Yslamabat Jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýasynyň esasynda duran ilkinji halkara resminamalarynyň biri boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýany hem kabul etdi. Milletler Bileleşiginiň bu çözgüdi Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamakda bitaraplygyň ägirt uly hyzmatynyň ykrar edilmegi boldy. Bu bolsa, öz gezeginde ähli ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, olaryň durmuşynyň ruhy we medeni-ynsanperwer esaslaryny gorap saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň maksatlaryna laýyk gelýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!