13.03.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmak, şeýle hem giňden bellenilýän şanly senelere, ählihalk ýowaryna taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wedeoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylyk we arassaçylyk derejesini häzirki döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda üpjün etmek, şäher ilatynyň durmuş düzümini kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim Aşgabat şäherinde Halkara Nowruz baýramyny mynasyp derejede garşylamak, bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek ýaly möhüm wakalar, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, olaryň taýýarlyk derejesi hakynda habar berdi.

Mundan başga-da, häkim paýtagtymyzda oturdylmagy meýilleşdirilýän LED ekranlaryň görnüşleri, olaryň goýuljak ýerleri, Aziada-2017-niň tumarynyň ýerleşdiriljek ýerleri bilen baglanyşykly meseleler hakynda ýörite şekilleriň üsti bilen hasabat berdi. Hasabadyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň köçelerinde alnyp barylýan abatlaýyş işleri barada hem durlup geçildi.

15-16-njy martda hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine döwlet saparynyň meýilleşdirilýändigi 10-njy martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen özara bähbitli, hoşniýetli we deňhukukly gatnaşyklary ösdürmekden we pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Wise-premýer, daşary işler ministri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Katar Döwletine boljak döwlet saparynyň maksatnamasyny hödürledi. Şu saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletara gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjak hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda uly ähmiýete eýe bolan nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-katar gepleşikleriniň wajypdygyny belledi.

www.tdh.gov.tm
Döwlet Heşdekowyň fotokollažy.

13.03.2017. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Owganystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar hem yşyklandyryş kerosinini, awtoulag we dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 40 million 257 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler jemi bahasy 1 million 386 müň manatlykdan gowrak azykylyk bugdaýy satyn aldylar.

www.tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan ýurdumyzda we daşary döwletlerde hünärmenleri okatmak boýunça meýilnama işlenilip düzüldi. Şol hünärmenler Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde gurulýan, utgaşykly dolanyşykda işlejek, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynda işlärler. Şeýle hem şol hünärmenler bu ugurda öňdebaryjy tejribe we gazanylanlar bilen tanyşmak maksadynda Ýewropanyň ösen ýurtlaryna iberiler.

Şu ýylyň fewralynda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň wekiliýeti Fransiýada, Şweýsariýada we Italiýada iş saparynda boldular. Topar agzalary gaz turbinalaryny öndürýän zawodyna we okuw merkezine baryp, turbinalaryň öndüriliş tehnologiýasy, işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle hem gaz turbinalarynyň pilçelerini, gaz turbinalaryny we generatorlaryň rotorlaryny öndürýän we abatlaýan zawodlara, utgaşykly dolanyşykda işleýän-Türkmenistanda ilkinji gezek gurulýan “Mary-3” elektrik stansiýasyna meňzeş elektrik stansiýasyna baryp gördüler.

Talyplary we hünärmenleri täze gurulýan stansiýada işlemäge taýýarlamak üçin düzülen okuw meýilnamasyny tapgyrlaýyn amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

www.tdh.gov.tm

10.03.2017. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, bazar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, syýahatçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän myhmanhanalar ulgamyny netijeli dolandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň «Hazyna» myhmanhanasy döwlet kärhanasynyň guramaçylyk – hukuk görnüşini üýtgetmek baradaky teklip taýýarlanyldy. Hususan-da, bu kärhanany hojalyk jemgyýetine öwürmek teklip edilýär. Şunda ýurdumyzyň degişli banklarynyň esaslandyryjylar hökmünde çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem hojalyk jemgyýetiniň esaslyk maýasyna bank edaralarynyň meýilleşdirilýän paýly gatnaşyklary barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady ösüşiň täze nusgalarynyň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan umumydöwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz bu ugurda geçirilýän işleriň ähli ugurlary boýunça düzümleýin özgertmeleriň esasyny düzýändigini aýdyp, halk hojalyk toplumynyň döwlet ulgamynda durmuşa geçirilýän syýasatyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!