31.03.2017. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Garlykdaky kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-iagdan bpýlagşdyryjy toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, onuň işine badalga berdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko toplumyň çägi bilen tanşyp, kärhananyň işini synladylar. Döwlet Baştutanlarynyň ýoly şahta guýularynyň, magdan ammarlarynyň, kaliu önümlerini baýlaşdyrmak we kristallaşdyrmak boýunça fabrigiň we ugratmaga taýýarlanan önümleriň ammarlarynyň deňinden geçdi.

Bu ägirt uly taslamany “Belgorhimprom” Açykpaýdarlar jemgyýeti baş potratçy bolup, türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde onuň ähli işi ýerine ýettirildi. Täze senagat toplumy 100-den goarak dnsgany özünde jemleýär. Olar Germaniýa, Şweýsariýa, Beýik Britaniýa, Daniýa, ABŞ, Russiýa we Belarus ýaly dünýäde ugurdaş tehnikalary öndürmekde belli bolan ýurtlaryň iň täze enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edildi.

Ýerasty känlerden önümçilik toplumyna her ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünleriniň önümçilik möçberlerini üpjün etmek üçin zerur bolan magdan berler. Olar hili we aýratynlyklary boýunça dünýäniň iň ýokary ülňülerine laýyk gelýär. Bu bolsa Türkmenistanyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda has-da möhümdir.

Garlyk käninde kaliý duzlarynyň gorlary 2 milliard tonnadan hem geçýjr. Bu bolsa birnäçe onýyllyklaryň dowamynda toplumyň durnukly işini üpjün eder.

www.tdh.gov.tm

2017-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanda Garlyk kaliý dag-magdan gaýtadan işleýji kombinatynyň açylyş dabarasy geçiriler. Iň häziki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu kombinat tutuş Aziýa sebitinde türkmen himiýa senagatynyň esasy görkezijisi bolar.

Bu kompleksiň gurluşygy Türkmenistanyň kaliý duzlaryny öndürmekde we eksport etmekde dünýäde öňdäki orunda durýanlygyny tassyklaýar.

Ýakyn ýyllarda Kanada, Russiýa Federasiýasy we dünýäniň beýleki döwletleri ýurduň kaliý gorlarynyň ösmegini üpjün ederler.

Bilermenler Garlyk ýatagynyň kaliý duzlaryna örän ýokary baha berýärler. Olaryň berýän ýokary bahalaryna görä, kombinatyň önümleri dünýä ülňülerine doly laýyk geler. Garlyk dag-magdan gaýtadan işleýji kombinatyň gurluşygynda durmuş infrastrukturasyna degişli ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr, şol sanda bilim we lukmançylyk edarasy we medeni-dynç alyş merkezleriniň binalaryny öz içine alýar.

30.03.2017. Aşgabatdaky gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasyndan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, netijeli we baý mazmunly gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara hereket etmeli anyk ugurlar kesgitlenildi.

Türkmenistanyň hem-de Belarusuň halkara we sebit syýasatynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat ýa-da ýakyn gelýändigini görkezýändikleri nygtaldy. Bu bolsa iki ýurduň dünýä derejesinde, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygynyň girewidir.

Şu günki duşuşygymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrdy. Söwdada, ýangyç-energetika toplumynda, gaýtadan işleýän we himiýa senagatynda, oba hojalygynda, maşyngurluşykda, dokma we ýeňil senagatda aragatnaşyklaryň ösdürilmegi geljegi has uly ugurlardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

30.03.2017. Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gepleşikler geçýär.

“Oguzhan” Köşkler toplumynda belent mertebeli myhmanyň resmi garşylanyş dabarasyndan hem-de iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň tanyşdyrylmagyndan soň, ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleri başlandy.

Esasy meseleleriň hatarynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri, syýahatçylyk, ýokary bilim, medeniýet babatda bilelikdäki taslamalar boýunça işler bar.

Iki tarapyň pikirine görä, häzirki gepleşikler ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin berk binýadyň düýbüni tutar. Aşgabat we Minsk ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bolşy ýaly, ynsanperwer-medeni ulgamda hem bar bolan uly mümkinçilikleri has doly durmuşa geçirmegi maksat edinýandiklerini görkezýär.

Şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

27.03.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem giňden bellenilýän şanly senelere, taryhy wakalara görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, gowaça ekişini guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň barşy hem-de welaýatyň ähli künjeklerinde öňde boljak şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Häkim döwlet Baştutanymyzyň garamagyna welaýatyň çägindäki Nowruz ýaýlasynyň gözel künjeginde gurulýan Türkmeniň ak öýi binasynyň taslamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, bu desganyň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny, ekiş möwsüminde oňa dahylly düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!