14.04.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 18-19-njy aprelinde Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bu Pudagara toparyň çözgüdi bilen maýa goýum taslamalarynyň 3-si saýlanyp alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly kompaniýalar we olaryň taslamalary saýlanyp alnanda, taslamalaryň ykdysady netijeliligi, durmuş ähmiýeti hem-de ekologiýa howpsuzlygy, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň ygtybarly we uzak möhletleýin üstünliklere ýetmegi üçin has netijeli usullary bilelikde gözlemegiň esasy ölçeg bolup durýandygyndan ugur almak möhümdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şeýle hem ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň mümkinçiliklerini doly derejede herekete getirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mümkin bolan dürli töwekgelçiliklerden goramak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şu ýyl ruussiýa-türkmen hyzmatdaşlygynda şanly senedir, ýagny Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýar. Onuň ähmiýeti baha bererden ulydyr. Hyzmatdaşlygyň häzirki derejesiniň öz strategik häsiýetine doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.

Biz ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda kemala gelen taryhy, doganlyk gatnaşyklara sarpa goýýarys. Biz ählumumy we sebit boýunça esasy meselelerde Russiýanyň we Türkmenistanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny, daşary syýasat ulgamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga isleglerimiziň umumylygyny kanagatlanma bilen belleýäris.

Russiýa Federasiýasynyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi we onuň 20 ýyllygy baradaky ýörüte Rezolýusiýasynyň awtorlarynyň biri bolup çykyş etmeginiň özi hem nygtalmaga mynasypdyr. Biz Aşgabadyň alyp barýan bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýäris, onuň oňyn we döredijilikli daşary syýasatyny, Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge meýillerini goldaýardyk we ýene goldarys. Häzirki wagtda Aşgabat möhüm halkara syýasat merkezi hökmünde kemala gelýär. Bu bolsa tutuş sebitiň bähbitlerine laýyk gelýär.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi biziň ýurtlarymyzyň baştutanlarynyň russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň Soçi şäherine sapary ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn strategik gatnaşyklary mundan beýlägem berkitmegiň tarapdarydygyny ýene bir gezek subut etdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda iri desgalaryň 1900-e golaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 48 milliard dollaryndan gowrakdyr. Olaryň 1790-syny ýurdumyzyň kärhanalary gurýarlar.

2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzda ähli amatlyklary özünde jemleýän, umumy meýdany 400 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleri, sagaldyş-dynç alyş we sport merkezleri, çagalar baglary hem-de başga-da köpsanly durmuş ulgamyna degişli desgalar bar.

Senagat desgalarynyň hatarynda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Merkezi Aziýada iri Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplum (Lebap welaýaty) aýratyn orun eýeleýär.

Häzirki wagtda karbamid we ammiak önümçiligi boýunça ägirt uly desgalar, polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy gurulýar.

www.tdh.gov.tm

Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň fraksiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskiý hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat ýollap, Türkmenistanda RLDP-niň wekiliýetiniň mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

«Biziň Türkmenistanda kabul edilişimiz ýaly myhmansöýerlige we hoşniýetlilige dünýäniň başga hiç bir ýurdunda duş gelmek mümkin däl. Siz-hakyky Prezident, öz halky we ýurdunyň ösüşi barada alada edýän hakyky ýolbaşçy!

RLDP-niň wekiliýetiniň kalby Size we türkmen halkyna hormat-sarpa duýgusyndan doludyr. Bu sapar biziň ýadymyzda hemişelik galar.

Size berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine täze üstünlikler arzuw edýäris» diýilip Wladimir Žirinowskiniň hatynda aýdylýar.

www.tdh.gov.tm

2017-nji ýylyň aprel aýynyň başynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «GEO Traveller» halkara žurnalynyň ýörite neşiri çap çykdy.

Žurnalyň birinji sahypalary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli dabaraly çärede sözlän sözi bilen başlanýar.

Şeýle-de žurnalda, şu ýyl Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň  ýola goýmagyna 25 ýyl dolýandygy mynasybetli hem-de türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda okgunly ösüşi barada giňişleýin makala ýerleşdirilipdir.

Şol bir wagtda «GEO Traveller» žurnalynda, Türkmenistanda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça milli we halkara derejesinde alnyp barylýan işler, ýangyç energetikasyny ygtybarly peýdalanmak boýunça soraglar şeýle-hem ulag-üstaşyr geçelgeleriniň halkara hyzmatdaşlygynda we durnukly ösüşde eýeleýän orny barada gürrüň berilýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!