29-31-nji martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary meýilleşdirildi.

Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň ösdürilýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlar hem-de ýokary derejedäki duşuşyklar şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär.

Şunda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwat bar. Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi sapary däp bolan köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

www.tdh.gov.tm

24.03.2017. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlise harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň käbiriniň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri hem-de 29-31-nji martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň ösdürilýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlar hem-de ýokary derejedäki duşuşyklar şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ep-esli işjeňleşdirilendigini we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny kanagatlanma bilen belläp, ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi saparynyň özara bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigini belledi.

22.03.2017. Mary welaýatynyň Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda, döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini we bilim ulgamynyň işgärlerini sarpalamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklary bilen sylaglanyldy.

Bu baýramçylyk güni Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşmak üçin ýygnananlaryň hatarynda hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Mary welaýatynyň we şäheriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri, ýaşulular we okuwçy ýaşlar bar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakyndaky Permany, şeýle hem raýatlaryň bir toparyny pul baýraklary bilen sylaglamak hakyndaky Karary dabaraly ýagdaýda okalýar.

Şahyrlar we ýazyjylar, režissýorlar we artistler, aýdymçylar, sazandalar we kompozitorlar, žurnalistler, döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylary, bu ulgamda işleýän hünärmenler, hormatly dynç alyşdaky adamlar biri-biriniň yzyndan sahna çykýarlar, olar öz zähmetine berlen ýokary baha, döwlet Baştutanymyz tarapyndan edilýän ýadawsyz alada we özlerine berilýän aýratyn üns, türkmen halkynyň ruhy mirasynyň gaýtadan dikeldilmegi hem-de ösdürilmegi, ýurdumyzda döredijilikli işlemek üçin ähli şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

www.turkmenistan.gov.tm

21.03.2017. Türkmenistanlylar Milli bahar baýramyny hem-de Halkara Nowruz gününi köpöwüşginli dabaralar, şatlyk-şagalaň we ruhubelentlik, iň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşyladylar.

Şu günüň esasy wakalary Mary şäherinde, köpçülikleýin medeni çäreleriň guralýan ýeri bolan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň golaýyndaky meýdançada geçirildi.

Nowruz baýramy mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, köpsanly ýerli ýaşaýjylar we ähli welaýatlaryň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar. Myhmanlaryň hatarynda žurnalistler, syýahatçylar we beýlekiler bar. Mary şäheriniň howa menzilinde baýramçylyga gelenleri toý pişmeleri, däp bolan milli süýji nygmatlar bilen garşyladylar.

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň golaýynda, açyk asmanyň astynda giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Sergini amaly-haşam sungatynyň eserleri, suratkeşleriň, halk senetleriniň ussatlarynyň eserleri, halylar, şaý-sepler, at esbaplary, türkmenleriň durmuşda ulanýan zatlary hem-de gadymy zähmet gurallary düzdüler. Çünki, gije-gündiziň deňleşýän bahar baýramy ekerançylyk senenamasynda aýratyn orun eýeläp, meýdan işleriniň hem-de täze oba hojalyk ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.

Bu ýerde köpsanly ak öýli, tagta sekili, öý haýwanlary ýerleşdirilen agylly uly türkmen obasy ýaýbaňlandyryldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem özboluşly medeniýetiniň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini şöhlelendirýän Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda bu ajaýyp bahar baýramynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterjekdigine berk ynanýaryn.
Nowruz parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik, döredijilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän, tebigatyň täzelenişini hem-de bahar paslynyň ajaýyplygyny alamatlandyrýan halkara baýramdyr. Nowruz dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri hökmünde umumadamzat medeni ösüşinde aýratyn orun eýeleýär. Dünýäniň köp halklary bilen birlikde türkmen halky ylhamyň we joşgunyň, ýagşy umytlaryň hem-de hoşniýetli arzuwlaryň gözbaşy bolan bu nurana bahar baýramyna uly sarpa goýýar.
Eziz Diýarymyzyň şäherdir obalarynda geçirilýän aýdym-sazly dabaralar Milli bahar baýramyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Köpasyrlyk taryhymyza, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, durmuş kadalarymyza we ýörelgelerimize esaslanýan hem-de gadymy bahar baýramynyň gözelligini we ajaýyplygyny açyp görkezýän milli gymmatlyklarymyz halkymyzyň jebisligini we rowaçlygyny has-da pugtalandyrmaga, nesillerimizi watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge, şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrmaga, geljegimize ynamly garamaga ýardam berýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!