08.11.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň pagtaçylarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.

Sebitleriň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy türkmen daýhanlarynyň gazanan täze ýeňşi bilen ähli oba hojalyk işgärleriniň adyndan gutladylar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň baş maksady halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekden Watanymyzyň gülläp ösüşiniň ygtybarly binýadyny berkitmekden ybaratdyr.

Oba hojalyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we köpugurly esasda ösdürilmegine, daýhanlaryň zähmetini ykdysady taýdan höweslendirmegiň gurallarynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň hasabyna pudagy tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary we ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak çäreleri işjeň dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna laýyklykda, oba ýerlerinde häzirki zaman ykdysady gatnaşyklary kemala gelýär, eýeçiligiň dürli görnüşleri ösdürilýär.

Şu ýyl gowaça ösdürip ýetişdirmäge ilkinji gezek hususy önüm öndürijiler hem girişdiler. Olara milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlarda oba hojalyk ähmiýetli döredilen ýörite ýer gaznasyndan ýer bölekleri bölünip berildi.

Her welaýatda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar, degirmenler, maldarçylyk, guşçulyk we ýyladyşhana toplumlary guruldy. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde öndürilýän we içerki bazarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň möçberleri yzygiderli artýar.

Giň gerimli maksatnamalary, ilkinji nobatda bolsa «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýurdumyzyň ähli sebitleri tanalmaz derejede özgerdi.

Welaýatlarda amatly ýaşaýyş jaýlary, ýokary derejede enjamlaşdyrylan mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk we medeniýet merkezleri, sport desgalary gurulýar. Nusgalyk düzümi bolan döwrebap şäherçeler adamlaryň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Edermen daýhanlar özleri hakynda edilýän alada jogap hökmünde Watan harmanyna «ak altynyň» 1 million 50 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar. Boýun alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, ýurdumyzyň ekerançylary ýetişdirilen hasylyň hemmesini ýygnap almak ugrunda zähmet depginlerini peseltmän işleýärler.

Soňra welaýatlardan gelen, elleri ak gar ýaly pagtaly horjunly körpe nesiller milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy «ak altyn» ussatlarynyň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gutladylar. Olar bu waka bagyşlanan we belent ruha beslenen goşgy setirlerini okadylar. Olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň waspy ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin çagalara minnetdarlyk bildirip, olara sowgatlary gowşurdy. Çagalaryň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň pagtaçylarynyň pagta taýýarlamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirmekleri bilen gutladylar.

Türkmen daýhanlarynyň adyndan we ähli welaýatlaryň ilatynyň adyndan hormatly Prezidentimize oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň zähmetsöýer ilaty hakynda edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, güýç-kuwwat, mähriban Watanymyzyň abadançylygygyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, edermen daýhanlaryň Hasyl toýuny uly zähmet sowgatlary bilen garşylaýandyklaryny belledi. Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak ýokary hilli pagta tabşyryp, olar şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň pagtaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine öndürijilikli zähmeti we ýeten derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygy depginli ösdürilýär. Pudakda amala aşyrylýan özgertmeler özüniň oňyn netijelerini berýär, döwletimiz daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmeti üçin zerur şertleri döredýär diýip hormatly Prezidentimiz belledi.

Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we hususy telekeçiler zerur bolan tehnikalar, dökün we tohum bilen doly üpjün edilýär. Ýerlerde täze iş orunlary döredilýär. Netijede obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar. Bu bolsa ilatyň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegleriniň doly kanagatlandyrylýandygyny äşgär edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamanyň kabul edilmegi bilen köpugurly özgertmeleriň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň we köpugurly esasda ösdürilmeginiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi berkitmek we ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, guşçulygy, maldarçylygy hemmetaraplaýyn ösdürmek, gök we miwe önümleriniň möçberlerini artdyrmak wezipeleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz pudaga sanly elektron dolandyryş ulgamyny girizmek, täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak, tehniki parkyň üstüni ýokary tehnologiýaly ýörite enjamlar we täze tehnikalar bilen ýetirmek wezipeleriniň öňde durýan işleriň esasy ugurlarydygyny belledi.

Suw we ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler oba hojalyk önümçiliginiň ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýurdumyzy gülläp ösýän künjege öwürmek uzakmöhletleýin maksatnamanyň esasyny düzýär. Onuň çäklerinde häzirki döwürde şäherleriň we ilatly ýerleriň ýanynda tokaý zolaklaryny we seýilgähleri döretmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Bu bolsa adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly gurşawyň emele gelmegine ýardam berýär.

Şu ýyl «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň gurluşygyna badalga berildi. Möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu taslama tutuş Merkezi Aziýa üçin ähmiýetli bolup durýar. Onuň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň oba we suw hojalygy üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri açmak bilen, tutuş sebitiň ekologiýasyna oňyn täsirini ýetirer.

Umuman, bularyň hemmesi oba zähmetkeşleriniň topraga bolan söýgüsini, bol hasyl almaga gyzyklanmalaryny artdyrýar. Mähriban topragymyzdan alnan bol hasyl Watanymyzyň baýlygydyr, halkymyzyň rysgalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Pagtaçylary we ähli oba hojalyk işgärlerini zähmet ýeňşi we Hasyl toýy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bolçulyk we bagtyýar durmuş, şeýle hem Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!