Şu ýylyň geçen dokuz aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3% möçberinden ybarat boldy. Ministrlikler we pudak edaralary boýunça görkezijileriň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, ýanwar-sentýabr aýlarynda, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim ýokarlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer G.Myradow bu barada öz hasabatynda beýan etdi.
Dokuz aýyň netijeleri boýunça ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem ösüş gazanyldy. Jemi öndürilen önümiň düzüminde onuň paýy 65,7 göterime ýetdi. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,1 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygy boýunça bu görkeziji 2,8 göterim ýokarlandy.
Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşygy alnyp barlyp, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 27,3 milliard manada barabar boldy.
Hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 242 desganyň 9-synda gurluşyk işleri tamamlandy, 107-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.
Wise-premýer şeýle hem bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, hususan-da, sanly ulgamy ornaşdyrmak, nagt däl hasaplaşyklary giňeltmek, töleg kartlary arkaly edilýän hyzmatlary artdyrmak barada geçirilýän işler barada habar berdi.

www.business.com.tm