04.10.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemleri, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi, täze ýyla çenli galan döwürde öňde duran wezipeler kesgitlenildi.
Mejlise welaýatlaryň häkimleri, gazet-žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Şeýle hem mejlise Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion toparyň agzalary gatnaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şol toparyň birinji mejlisiniň hem geçiriljekdigini aýtdy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, onuň işini ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seretmekden başlady.
Hormatly Prezidentimiz M.Çakyýewiň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadylyp, içeri işler ministri wezipesine bellenilendigini ýatladyp, oňa polisiýanyň general-maýory diýen ýörite ady dakmak barada karara gelendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, degişli Permana gol çekildi.
Içeri işler ministri M.Çakyýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň elinden degişli nyşanlary çuňňur hoşallyk bilen kabul edip, harby däbe görä, mukaddes Baýdaga tagzym etdi we Watanymyza, halkymyza, Belent Serkerdebaşymyza wepalylyk kasamyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz B.Öwezowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek barada karara gelendigini habar berip, ony Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak barada şol agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararyny tassyklady we degişli Permana hem-de Karara gol çekdi.
B.Öwezow milli Liderimiziň ýokary ynamyny ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine hem-de gözegçilik edýän pudaklarynyň öňünde goýlan wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirmek üçin tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy wezipesine H.Hudaýgulyýewi saýlamak barada şol agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararyny tassyklady hem-de ony Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Mejlisiň dowamynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy ýurdumyzyň aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny halkara ülňüleriniň derejesinde mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek üçin güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz A.Berdiýewi «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekip, ony şol birleşigiň baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
A.Berdiýew milli Liderimize bildiren ynamy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, öz öňünde goýlan jogapkärli we möhüm wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň täze bellenilen ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw edip, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny yzygiderli, ylmy esasda, döwrüň hem-de ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däplerine laýyklykda has-da ösdürmek boýunça zerur bolan çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz seçgiçilik işine, arassa ganly bedewleriň tohum aýratynlyklaryny kämilleşdirmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigini belläp, geljekde hem milli atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkidip, türkmen halkynyň baýlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny artdyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görüljekdigini belledi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Hatyra gününe düşýän 6-njy oktýabrdaky dynç gününi 7-nji oktýabra — duşenbe gününe geçirmek hakyndaky Permana gol çekdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz ýekşenbe güni garaşsyzlygymyz, azatlygymyz we bagtyýar geljegimiz ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzy, olaryň ruhuny ýatlarys diýip aýtdy hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna, häkimlere, beýleki ýolbaşçylara bu çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Ol şu geçen döwürde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Bu görkezijiler milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bellenilişi ýaly, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Ministrlikler we pudak edaralary boýunça görkezijileriň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, ýanwar-sentýabr aýlarynda, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim artdy.
Dokuz aýyň netijeleri boýunça ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem ösüş gazanyldy. Jemi öndürilen önümiň düzüminde onuň paýy 65,7 göterime ýetdi. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,1 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn netijeler gazanyldy. Bu görkezijiniň 2,8 göterim ýokarlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Wise-premýer şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,6 göterim ýokarlandy.
Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşygy alnyp barlyp, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 27,3 milliard manada barabar boldy.
Şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berildi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 242 desganyň 9-synda gurluşyk işleri tamamlandy, 107-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.
Wise-premýer şeýle hem bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, hususan-da, sanly ulgamy ornaşdyrmak, nagt däl hasaplaşyklary giňeltmek, töleg kartlary arkaly edilýän hyzmatlary artdyrmak barada geçirilýän işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýylyň ahyryna çenli indi az wagtyň galandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, galan döwürde bellenilen işleri üstünlikli tamamlamak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna ýüzlenip, beýleki wise-premýerler bilen bilelikde Halk Maslahatynda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek hem-de geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça maslahat geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz umumymilli forumda kabul edilen resminamalara düýpli seretmek, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna berlen tabşyryklary göz öňünde tutup, pudaklary ösdürmek hem-de özgertmeleri geçirmek boýunça ähli döwlet maksatnamalaryna gaýtadan seretmek barada hem anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagy we tassyklamagy işiň wajyp ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, her bir ministrligiň we pudak edarasynyň öz önümçilik tabşyryklaryny hem-de öňünde durýan wezipeleri anyk bilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz geljek ýyl üçin Döwlet býujeti barada aýdyp, onuň taslamasyny tamamlap, Mejlise bermegi tabşyrdy.
Degişli Permana laýyklykda, Döwlet býujetinde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberini, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de geljek ýylyň Döwlet býujetinde ýurdumyzyň her etrabynda we şäherinde mätäç adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri hem hökman göz öňünde tutmagyň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem wise-premýerlere gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de olaryň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz täze iş ýerlerini döretmek boýunça tassyklanan maksatnamalaryň doly möçberde ýerine ýetirilmeýändigini belläp, ýyl tamamlanandan soň, bu meselelere aýratyn serediljekdigini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew
gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, umuman, obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň möçberiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,4 göterim bolandygyny belledi.
Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça — 112,5 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça — 105,8 göterime ýetdi. Maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 106,3 göterim berjaý edildi.
Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişi bellenen agrotehniki möhletlere laýyklykda geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de beýleki enjamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin çäreler görülýär. Gallaçylar bugdaýyň ýokary hilli tohumlary bilen ýeterlik derejede üpjün edildi. Eýýäm ekiş geçirilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmaga girişildi.
Pagta ýygymynyň depgini ýokarlanýar. Häzirki güne çenli jemi 425 müň 557 tonna «ak altyn» ýygnaldy. Möwsümde maddy-tehniki serişdeleriň, şol sanda pagta ýygýan kombaýnlaryň netijeli peýdalanylmagy hem-de pagta kabul ediş bölümleriniň we pagta arassalaýjy kärhanalaryň işi sazlaşykly ýola goýuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň haýal alnyp barylýandygyny aýtdy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde esasy wezipe diňe bir içerki bazarlary oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek hem-de daşary ýurtlardan önümleri getirmegi bes etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu önümleri daşary ýurtlara hem eksport etmekden ybaratdyr.
Geljek ýylda alynjak bol galla we pagta hasylynyň düýbüniň şu ýyl tutulýandygyny nazara alyp, agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegine hem-de gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işlerine uly üns bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de pudakda abatlanmaga degişli oba hojalyk tehnikalarynyň ýagdaýyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, bu ugurda iş alyp barmagyň täze usullaryny tapmalydygyny ýa-da şol tehnikalary kärendeçilere bermelidigini, ýa bolmasa, haýsy-da bolsa başga bir täze düzümleri döretmelidigini aýdyp, bu barada tekliplerini bermegi tabşyrdy.
Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalygyny dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmegi we ýer reformasyny geçirmegi dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şu ýyl meýdanlarda pagtanyň bol hasyly ýetişdi. Bu ekiniň ýurdumyz üçin möhümdigini göz öňünde tutup, pagtany iň soňky hanasyna çenli zaýasyz ýygnap almaly diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda biologiýa barlaghanalaryny, häzirki zaman suw tygşytlaýjy, ýagyş ýagdyryjy, damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny giňden ornaşdyrmagyň, «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň» yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-iň şu ýylyň 9 aýynda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň işine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýork şäherine amala aşyran iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunda BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.
Wise-premýer, daşary işler ministri 28-nji sentýabrda türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda çykyş edip, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, howanyň üýtgemegi ýaly häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny hem-de hormatly Prezidentimiziň bu ugurlar boýunça oňyn başlangyçlaryny beýan edendigini habar berdi.
Iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda BMG-niň ýolbaşçysyna milli Liderimiziň 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygy gowşuryldy.
BMG-niň Baş sekretary türkmen tarapynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge saldamly goşandyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýarlyk beýan edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly işlere möhüm orun berilýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Howa boýunça sammitiň geçirilýän döwründe, ýurdumyzda, ýagny 23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi baradaky milli strategiýasynyň rejelenen görnüşiniň tassyklanylandygy bellärliklidir.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin ýörite maksatnamany döretmegiň hem-de täze Hazar ekologiýa maksatnamasyny işläp düzmegiň wajyplygy nygtaldy.
Saparyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti halkara çäreleriň birnäçesine gatnaşdy hem-de köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi, olaryň çäklerinde milli Liderimiziň dürli ulgamlardaky döredijilikli başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ähmiýeti barada pikir alşyldy.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 30-njy sentýabrda türkmen tarapy BMG-niň Ştab-kwartirasynda Terrorizmden azat dünýäni gazanmak boýunça tertip Kodeksine gol çekdi. Ýokarda agzalan resminama goşulmagy ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine halkara saparlaryna, Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçiriljek maslahatlara we beýleki çärelere düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz geljek ýyl amala aşyryljak halkara saparlarynyň meýilnamasynyň we halkara maslahatlaryny geçirmegiň tertibiniň üstünde işlemegiň we tassyklamak üçin hödürlemegiň wajypdygyny nygtady.
Soňra milli Liderimiz şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň, öňküsi ýaly, bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine pugta eýermek esasynda alnyp barlandygyny belledi.
Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldaw tapýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etmegini muňa soňky döwürdäki mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu bolsa, dünýä jemgyýetçiliginde Bitarap döwletimiziň abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Biz içeri syýasatymyzy ata Watanymyzy ösdürmek boýunça tassyklanan maksatnamalara laýyklykda alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde hem, ozalkysy ýaly, Prezident maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzda durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge, täze kärhanalary gurmaga we bar bolanlarynyň durkuny täzelemäge örän uly möçberde maýa goýumlary goýulýar. Tutuş ýurdumyz boýunça bu maýa goýumlarynyň möçberi 30 milliard manada golaýdyr. Iri içerki hem-de halkara taslamalaryny amala aşyrmak işi dowam edýär.
Geçen döwrüň dowamynda bahasy 10 milliard manatdan gowrak bolan 79 sany iri desga, bir million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar we dynç alyş toplumlary, lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary we ençeme beýleki desgalar ulanylmaga berildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Häzirki döwürde hem umumy bahasy 34 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2 müňden gowrak iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, iri gaz geçirijileriniň, sport desgalarynyň, howa menzilleriniň, ýollaryň hem-de iri köprüleriň gurluşygy bar.
Oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeler hem gowy netijeleri berip başlady diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şu ýyl bol galla hasyly ýygnalyp alyndy. Ýurdumyzyň ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem özgertmeler dowam edýär.
Alnyp barlan şeýle tutanýerli işleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejä ýetdi. Öndürilýän senagat önümleriniň möçberi artdy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri özümizde öndürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi netijesinde, eksportyň möçberi 7,5 göterim köpeldi, importyň möçberi bolsa, 5 göterim azaldy.
Milli manadymyzyň hümmeti durnukly derejede, içerki bazarlarda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhy pes derejede saklandy. Ýaşaýyş-durmuş ulgamyna gönükdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi artdyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň işini tamamlady.

www.tdh.gov.tm

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!