01.10.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem döwletiň içeri syýasatynyň wajyp wezipeleri bilen baglanyşykly hem-de birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ý.Berdiýew harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem milli howpsuzlyk ministri ýurdumyzda durnuklylygy, kanunylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berdi. Hasabatda döwlet Baştutanymyzyň harby we hukuk goraýjy düzümleri üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler beýan edildi.
Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň hasabat döwründe alyp baran işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek we düzgün bozmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň netijeleri hem-de Ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça Içeri işler ministrliginiň ähli düzümlerinde işiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylyşy hem-de işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berildi.
Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň Harby Güýçleriniň bölümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň durmuş meselelerini çözmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem möhletleýin harby gullugy geçmek üçin raýatlarymyzy goşun gullugyna çagyrmagyň barşy, edermen we gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirjek ýaş esgerleriň watançylyk terbiýesi boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew milli Liderimiziň başyny başlan hukuk özgertmeleriniň ilerledilişi hem-de kazyýet işlerine garalanda kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmek, edaranyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu edaranyň işi Türkmenistanyň Esasy Kanuny hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk namalary tarapyndan kepillendirilen ýurdumyzyň şahsy hukuklaryny we azatlyklaryny, durmuş-ykdysady hem-de syýasy hukuklaryny, Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini hem-de eýeçiliginiň görnüşine we hojalygy ýöretmegiň şertlerine garamazdan, ýuridik şahslaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilendir.
Baş prokuror B.Atdaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri hem-de ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi. Bu edaranyň işgärleri kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça çäreler görülýär.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de ata Watanymyzyň serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem iň täze ýörite enjamlar we tehniki serişdeler bilen üsti ýetirilýän serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, watandaşlarymyzyň asuda hem-de abadan durmuşyny goraýan ýaş esgerleriň söweşjeň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak we watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça yzygiderli geçirilýän çäreler barada habar berildi.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän edarasynyň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ähli ugurlar boýunça ýurdumyzyň üstünden geçýän ýükleri barlamak üçin niýetlenen häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Şeýle hem täze enjamlary, sanly ulgamlary we öňdebaryjy tejribäni giňden ulanmagyň hasabyna, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan, edaranyň işiniň guralyşyny has ýokary derejä çykarmaga gönükdirilen gaýragoýulmasyz wezipeleri üstünlikli çözmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň 2019-njy ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem kanunçykaryjylyk işiniň hilini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň üstünlige eýe bolmagy köp babatda şol işlere baglydyr.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow şu ýylyň üç çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de Türkmenistanda geçirilýän halkara ähmiýetli çäreleriň, ýurdumyza syýahatçylyk we işewürlik saparlarynyň sanynyň yzygiderli artýandygyny nazara almak bilen, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem gullugyň işiniň usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ulgamda dünýä tejribesini öwrenmek meselelerine uly üns berilýändigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, umuman alnanda, gazanylýan kanagatlanarly görkezijilere garamazdan, heniz üstünde işlemeli köp sanly meseleleriň hem bardygyny belledi. Şolary çözmek boýunça döwlet maksatnamalary kabul edildi, bu kemçilikleri aradan aýyrmak üçin anyk wezipeler kesgitlenildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we bu barada Halk Maslahatynyň ýaňy-ýakynda geçirilen mejlisinde hem jikme-jik durlup geçilendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň wajypdygyna üns berildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz döwlet ösüşiniň strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Häzirki döwürde uly syýasy we ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça işler alnyp barylýar, bilim we ylym, oba hojalyk pudaklary, nebitgaz toplumy, hukuk goraýjy edaralar hem-de beýleki ugurlar özgerdilýär.
Bu özgertmeleriň maksady ykdysadyýetimizi hil taýdan täze ýagdaýa geçirmekden ybaratdyr. Demokratik, dünýewi we hukuk döwleti hökmünde, durmuş taýdan bazar ykdysadyýeti bolan, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýan döwlet hökmünde ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak bilen baglylykda, biz häzirki döwürde parahorluk we korrupsiýa ýaly ýaramaz ýagdaýlara hem gabat gelip başladyk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de bu ýagdaýlaryň ykdysadyýetden başlap, ahlak ýagdaýyna çenli durmuşymyzyň dürli ugurlaryna örän ýaramaz täsirini ýetirýändigini belledi.
Parahorluk bilen korrupsiýa döwlet gurluşyny we jemgyýeti bozýar. Netijede, ykdysadyýetiň ösüşi bökdelýär hem-de döwleti ösdürmegiň ýolunda düýpli päsgelçilikleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz şeýle ýaramaz hadysalara garşy göreşmek üçin hukuk goraýjy edaralaryň ornunyň örän ýokary bolmalydygyna ünsi çekip, häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady esaslarynyň durnuklylygynyň, şeýle hem geçirýän özgertmelerimiziň üstünlikli bolmagynyň şu düzümleriň işiniň netijeli bolmagyna baglydygyny belledi. Şol edaralaryň bu ugurdaky işiniň esasy ugry guramaçylykly jenaýatçylyga, korrupsiýa, terrorçylyga we ekstremizme garşy gönükdirilmelidir diýip, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy nygtady.
Neşeleriň bikanun dolanyşygyna, raýatlarymyzyň janyny, saglygyny we emlägini jenaýatçylykly hyýanatçylyklardan goramak, konstitusion hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek bu edaralaryň işiniň esasy ugurlary bolup durýar. Näçe gynansak-da, geçirilen barlaglar hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda parahorlaryň we korrupsionerleriň bardygyny görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra Baş prokuror B.Atdaýewe söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginde geçirilen barlag işleri hem-de ýüze çykarylan kemçilikler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, içeri işler ministri I.Mulikow 2018-nji ýylyň 1-nji fewralynda ministrligiň garamagyndaky Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş edarasynyň başlygy wezipesine diňe weterinar lukmançylygy hünärinden orta hünär bilimi bolan, eýeleýän wezipesine laýyk gelmeýän Berdimyrat Berdiýewi agzalan edaranyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji edip belläp, şol wezipede işlemegine ýol beripdir. Häzirki wagtda ol eýeleýän wezipesinden boşadyldy.
«Türkmenistanyň Içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu edaralaryň esasy wezipeleriniň biri ýurdumyzda ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketine gatnaşyjylar tarapyndan tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegini üpjün etmek bolup durýandygyna garamazdan, bu ugurda talabalaýyk işler ýola goýulmandyr.
Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowyň öz garamagyndaky düzümleriň işine gözegçiligi gowşadandygy sebäpli, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäreleriniň geçirilýän döwründe paýtagtymyzdaky awtoulag ýollarynda ulag serişdeleriniň sazlaşykly gatnamagyna päsgelçilikleriň döredilmegi bilen baglanyşykly ýagdaýlara ýol berlipdir. Geçirilen işleriň netijesinde, ýol hereketlerini bozan sürüjiler administratiw jogapkärçiligine çekildi.
Şeýle hem edara ulagynyň maksadalaýyk ulanylmaýandygy baradaky ýagdaýlar hakynda habar berildi. Hususan-da, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Köpetdag etrap arassaçylyk we bagçylyk müdirligine degişli işgärleriň awtoulagda howply ýagdaýda gatnamagyna ýol beripdir. Bu waka boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň serkerdesi, polisiýanyň kapitany Kerimguly Çaryýewiň garşysyna jenaýat işi gozgaldy.
Geçirilen barlag işleriniň netijesinde, ministrligiň ýokarda agzalan düzümleýin edarasynyň käbir işgärleriniň raýatlardan para alyp gelendikleri hem ýüze çykaryldy. Hususan-da, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň gözegçileri wezipesinde işlän Guwanç Muhammedow we Sylapberdi Şirliýew para almak barada deslapdan dilleşip, awtoulagy saklap, onuň ähli resminamalarynyň talabalaýykdygyna garamazdan, sürüjini awtoulagyny gabawa aljakdyklary barada gorkuzyp, para bermäge mejbur edip, aýratyn uly möçberde para alypdyrlar. Bu waka boýunça G.Muhammedowyň we S.Şirliýewiň garşysyna Türkmenistanyň jenaýat işi gozgalyp, tussag astyna alyndylar.
Bulardan başga-da, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň serkerdesi wezipesinde işlän Azat Saparow wezipeli adam bolup, wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, özüniň dostlary bilen ýol hereketiniň düzgünlerini bozup, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň gözegçileri tarapyndan saklanan wagty, olaryň garşysyna administratiw hukuk bozulmalary barada teswirnamalary düzdürmezden goýberdip, jenaýat edipdir. A.Saparowyň garşysyna Türkmenistanyň jenaýat işi gozgalyp, tussag astyna alyndy.
Ç.Kulow babatda kazyýetiň hökümi çykan hem bolsa, goşmaça geçirilen derňew işleriniň netijesinde, ondan ýene-de aýratyn uly möçberde pul, şeýle hem iki sany ýaşaýyş jaýy we birnäçe awtoulaglar döwletiň haýryna alnyp, häzirki wagtda derňew işleri dowam etdirilýär.
Içeri işler ministri Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak bölüminiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän, Ç.Kulowyň garyndaşy bolup duran Didarmyrat Muhammedowy işden çykarman, onuň agzalan wezipede işlemegine ýol berip gelipdir. D.Muhammedow hem öz gezeginde içeri işler edaralarynyň hatarynda işläp, wezipeli adam bolup, aýratyn agyr jenaýat eden öz garyndaşy Ç.Kulow barada hukuk goraýjy edaralara habar bermeli bolsa-da, habar bermän, jenaýat edipdir. Häzirki wagtda D.Muhammedowyň garşysyna jenaýat işi gozgalyp, tussag astyna alyndy.
Beýan edilenler Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowyň öz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigini görkezýär.
Döwlet Baştutanymyz I.Mulikowa ýüzlenip, özüne ynanylan gulluga ýolbaşçylyk etmekde işlän döwründe ençeme düýpli kemçiliklere ýol berendigini aýtdy. Oňa on iki gezek, şol sanda berk käýinç yglan edilendigine garamazdan, bu edaranyň ýolbaşçysy mundan netije çykarmady diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow polisiýanyň general-leýtenanty I.Mulikowy işinde we garamagyndaky düzümlere ýolbaşçylyk etmekde goýberen düýpli kemçilikleri, gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanandygy hem-de wezipe borçlaryny gödek bozandygy üçin Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşatdy we ýörite adyny polisiýanyň maýory ýörite adyna çenli peseltdi, şeýle hem ähli döwlet sylaglaryndan mahrum etdi.
Milli Liderimiz M.Çakyýewi içeri işler ministri wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we kommunikasiýa toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň üstüne ýüklenildi.
Wezipä bellenen täze içeri işler ministri bu düzümiň öňünde goýlan möhüm wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirmek üçin güýç-gaýratyny, tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, şu günki bilelikdäki mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylarynyň ählisiniň diýen ýaly gatnaşýandygyny nygtady. “Men özümiň wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşymda we beýleki çykyşlarymda ýaramaz ýagdaýlaryň öňüniň hemişe alynjakdygy, günäkär bolan ähli ýolbaşçylaryň, eýeleýän wezipesine garamazdan, jogapkärçilige çekiljekdigi barada aýdypdym” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet gullukçylaryndan, ilkinji nobatda bolsa, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerinden öz gulluk borçlaryny dogruçyllyk bilen, ak ýürekli ýerine ýetirmegi, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň bähbitleriniň olar üçin hemme zatdan ýokary bolmagyny talap etjekdigimi nygtapdym diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, eýeleýän wezipelerine garamazdan, döwlet gullukçylarynyň hukuga garşy hereketleriniň örän berk öňüni aljakdygyny hem-de parahorlukda we korrupsiýada günäkär bolan adamlaryň kanuna laýyklykda jogapkärçilik çekjekdigini ýene-de bir gezek berk duýdurdy.
Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, kanunlarda parahorluk we korrupsiýa üçin temmi çärelerini berkitmek boýunça ýene-de bir gezek seretmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parahorlara we korrupsionerlere günä geçmek çäresiniň ýatyrylandygyny ýatladyp, kanunçylyk namalaryny berkitmegi ýene-de güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady.
«Men halkyň puluny ogurlamaga, halkymyzyň hasabyna baýamaga hiç kime, hiç haçan ýol bermerin» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz B.Atdaýewiň ýolbaşçylyk edýän Baş prokuraturasynyň giňeldiljekdigini we işgär sanynyň artdyryljakdygyny belläp, döwlet serişdelerini ogurlamak ýaly nogsanlygyň köki-damary bilen ýok ediljekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşine Mejlis bilen bilelikde korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmek baradaky maksatnamany gysga wagtyň içinde täzelemegi hem-de hödürlemegi tabşyrdy. Bu maksatnama Garaşsyz döwletimizi gurmagyň maksatnamasynyň düzüm bölegi bolmalydyr.
Bu resminama döwlet häkimiýet edaralarynyň we häkimlikleriň, guramalaryň hem-de kärhanalaryň amala aşyrýan guramaçylyk, ykdysady, hukuk, maglumat we işgärler häsiýetli çäreleriniň hemişe kämilleşdirilip durulýan ulgamyny öz içine almalydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Onuň esasy maksady jemgyýetimizde korrupsiýany döredýän sebäpleri we şertleri köki-damary bilen ýok etmekden ybaratdyr.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň işi bilen baglanyşykly meselelere çekdi. Soňky ýyllarda bu ýerde tertip-düzgün gowşady, atlara baş öwretmegiň we türgenleşdirmegiň köp sanly kadalary ýerine ýetirilmeýär. Bu bolsa bedew atlary saklamagyň kadalarynyň bozulmagyna getirdi. Munuň üçin ähli jogapkärçilik birleşigiň ýolbaşçysy M.Annanepesowyň üstüne düşýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz M.Annanepesowy «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ählisi bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda ýüze çykarylan kemçilikleri gysga wagtda aradan aýyrmak hem-de ägirt uly özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri üstünlikli çözmek üçin zerur çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda milli Liderimiz oňa gatnaşanlara jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi