07.09.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasynaBirleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçilerTürkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň işewür toparynyň wekilleri bolsa karbamidi (“Türkmensenagat eksport-import” APJ) satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 13 million 134 müň dollaryna deň boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 808 müň manatdan gowrak polipropilen plýenkasynyňgranulýatyny we aglomeratyny(TNGIZT) satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!