17.08.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler jemi bahasy ABŞ-nyň 93 müň dollaryndan gowrak bolan reňksiz aýnany we nah ýüplügi satyn aldylar.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gonkongyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 937 müň manatlykdan gowrak nah matany satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!